

Hytaý Aziýada iň uly optiki teleskopy gurar
Pekin uniwersiteti Günbatar ýurtlary bilen astronomiýadaky ösüşleriň aratapawudyny kemeltmek üçin Aziýada iň uly teleskopy döretmek baradaky meýilnamasyny köpçülige mälim etdi.


Pekin uniwersiteti Günbatar ýurtlary bilen astronomiýadaky ösüşleriň aratapawudyny kemeltmek üçin Aziýada iň uly teleskopy döretmek baradaky meýilnamasyny köpçülige mälim etdi.


«Yandeks», VK, «Rostelekom» korporasiýalary, şeýle hem «Sberbank» Androidiň esasynda we Google Mobile Services platformalaryň ýerini tutup biljek täze ykjam operasion ulgamy işläp düzjek kompaniýany döretmegi meýilleşdirýärler – diýip, «Kommersant» habar berýär.


Günorta Koreýanyň KPLO (Korea Pathfinder Lunar Orbiter), başgaça Danuri diýlip hem atlandyrylýan kosmiki enjamy ilkinji gezek älem giňişligine çykaryldy we Aýyň orbitasynda üstünlikli birikdirildi – diýip, Koreýa Respublikasynyň ylym we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalar ministrligine salgylanyp, TASS agentligi habar berýär.


Kembrij, Garward we Waşington uniwersitetlerinden hünärmenleriň topary, şeýle hem Bar-Ilan we Haýfa uniwersitetleriniň alymlary zenanlaryň kognitiw empatiýada, ýagny özgäniň pikirlerini we duýgylaryny kesgitlemek ukybynyň erkekleriňkiden artykmaçlygyny subut etdiler – diýip, Proceedings of the National Academy of Sciences (PNAS) žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar.


Russiýanyň alymlary galaktikanyň täze synpyny ýüze çykardylar, onda jisimlerň fizikanyň kanunyny bozup, ýagtylygyň tizliginden onlarça-ýüzlerçe esse çalt hereket edýändikleri çaklanylýar – diýip, TASS habar berýär.


2023-nji ýylda Russiýa, Hindistan we Ýewropanyň kosmos agentligi Aýa hem-de uzak kosmosa iş saparlaryna ugradarlar. Munuň özi, NASA Artemis I-iň ýakynda bolan saparynyň yzýany bilen bolup geçer. Şol saparyň çäklerinde geljekde adamlary Aýa we Marsa äkidip-getirmäge niýetlenen Orion gämisi Aýyň daşyndan uçuş amala aşyrdy. Bu barada geljkede amala aşyryljak kosmos uçuşlaryna beren synynda BBC ýazýar.


Türkmenistanyň milli ýygyndysyna gatnaşýan mekdep okuwçylary we talyplar Bakuda informatika we robot tehnkasy boýunça geçirilen halkara ýaryşlarynda toparlaýyn hasap boýunça kümüş medala mynasyp boldular. Ýaş inženerler bäsleşikde onlarça ýurtdan: Beýik Britaniýa, Ysraýyl, Türkiýe, Norwegiýa, Şwesiýa, Özbegistan, Gazagystan ýaly ýurtlardan bolan mynasyp we zehinli bäsdeşlerinden öňe geçip, ikinji ýeri eýelediler - diýip, Azerbaýjan metbugaty ýazýar.


NASA-nyň inženerleri älem giňişligindäki NEO Surveyor diýlip atlandyrylýan «asteroidleriň awlaýjysynyň» ilkinji düzüm böleklerini ýasap başladylar, ol howply asteroidleriň gözlegi bilen meşgullanar. Bu barada aeronawtika we älem giňişliginiň barlaglary boýunça Milli müdirlik öz resmi saýtynda habar berýär.


NASA-ň InSight älem giňişliginde dört ýyldan gowrak syýahat edenden soň Marsda alyp baran ylmy-barlaglary geçirmegi tamamlady. Şol ýyllaryň dowamynda InSight zondy Gyzyl planeta hakynda köp özboluşly ylmy maglumatlary toplady – diýip, ABŞ-nyň aeronawtika we älem giňişligini öwrenmek baradaky Milli müdirligi habar berýär.


BAE Abu-Dabiniň halkara howa menzilinde pasport görkezmezden uçmaga mümkinçilik berýän täze biometriki tehnologiýalary synag edip başladylar – diýip, «Arabian Business» ýazýar.


Türkmenistanyň mekdep okuwçylaryndan we talyplaryndan düzülen iki topar STEAM Azerbaýjan 2022 halkara festiwalynda ikinji orny eýeledi – diýip, “Neýtralnyý Turkmenistan” gazeti habar berýär. Bu halkara forumyna 300 toparyň hatarynda çykyş eden 900 adam gatnaşdy.


Innopolis uniwersitetinde işlenip düzülen urganly gurluşykçy-robot Türkmenistanda we Ýewraziýanyň patent konwensiýasynyň ýene-de 7 ýurdunda patent aldy – diýip, TASS habar berýär.


Kanadanyň Monreal uniwersitetiniň astronomlary Kepler-138 gyzyl karligiň töwereginde “suw dünýäleri” bolan iki sany planetanyň aýlanýandygyny subut etdiler. Alymlaryň makalasy “Nature Astronomy” žurnalynda çap edildi.


Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow milli sanly tory döretmegiň Konsepsiýasyny işläp taýýarlamak boýunça iş toparyny döretmek baradaky Karara gol çekdi – diýip, TDH agentligi habar berýär.


Kiberhowpsuzlyk pudagynda öňdebaryjy kompaniýalaryň biri bolan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň «Palo Alto Networks» kompaniýasy — ýakynda Aşgabatda geçirilen Türkmen-amerikan işewürlik forumynda Türkmenistan bilen degişli ugurda hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirdi. Bu barada ORIENT-iň habarçysy habar berýär.