GDA özara hukuk kömegi ulgamynda elektron aragatnaşygyny ýola goýmak isleýär


Özara hukuk kömegi pudagyndaky hyzmatdaşlygy ýola goýmak meseleleri GDA agza ýurtlaryň adalat edaralarynyň wekilleriniň we konsullyk gulluklarynyň bilelikdäki duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada guramanyň ýerine ýetiriji komitetiniň saýty habar berýär.
Duşuşyk 2022-nji ýylyň 7-nji iýunynda geçirilen GDA agza ýurtlaryň Daşary işler ministrlikleriniň konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň Konsultatiw geňeşiniň mejlisiniň teswirnamasyna garamagyň çäklerinde geçirildi.
Hukuk kömegi pudagyndaky hyzmatdaşlygyň sanlylaşdyrylmagy, raýat, maşgala we jenaýat meselelerinde Hukuk kömegi we hukuk gatnaşyklary hakynda Konwensiýanyň düzgünlerini netijeli durmuşa geçirmäge mümkinçilik berer.
Bu resminamanyň maksady raýatlara şahsy, emläk we emläk däl hukuklaryny kanuny taýdan ygtybarly goramaga, şeýle hem hukuk kömegi pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendir.
ORIENT news
Surat: cis.minsk.by








