HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Birleşen Milletler Guramasy Türkmenistana pudagara maglumat alyş-çalyş ulgamyny ornaşdyrmaga ýardam berýär

Noýabr 26, 2022 | 15:15 |7347
BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasy ýurduň hökümetine elektron maglumatlary alyşmak üçin pudagara ulgamyny ornaşdyrmaga ýardam berýär.BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasy ýurduň hökümetine elektron maglumatlary alyşmak üçin pudagara ulgamyny ornaşdyrmaga ýardam berýär.
Çeşme: bluelinkerp.com

BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasy ýurduň hökümetine elektron maglumatlary alyşmak üçin pudagara ulgamyny ornaşdyrmaga ýardam berýär.

Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belledi – diýip, TDH agentligi habar berýär.

Meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin «Türkmenistanda elektron maglumat alyşmak üçin pudagara ulgamyň ornaşdyrylmagyny öňe sürmek baradaky» resminama «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň we BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň arasyndaky «Elektron hökümet» ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek baradaky özara düşünişmek Ähtnamasynyň esasynda taýýarlandy.

Türkmenistan tarapyndan Sanly ykdysadyýeti ösdürmek konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäginde elektron maglumatlary alyşmak üçin pudagara ulgamyň ornaşdyrylmagy, resminamalaryň guramalar bilen bölümleriň arasyndaky resminamalaryň alyşmakda sarp edilýan wagty tygşytlamak, şeýle hem olary gaýtadan işlemek we ibermek üçin çykdajylary azaltmak bilen döwlet edaralarynda dolandyryşyň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam berer. Mundan başga-da, bu ulgam resminamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi gowulandyrmaga gönükdirilendir.

ORIENT news
Surat: bluelinkerp.com

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026