Alymlar koronawirusa we dümewe garşy ýeke-täk sanjymy synagdan geçirip başladylar
Noýabr 04, 2022 | 22:00 |7991


“Reuters” habar gullugynyň neşirine görä, ABŞ-nyň“Pfizer” we Germaniýanyň “BioNTech SE” derman öndüriji kompaniýalarynyň alymlary COVID-19 we dümewe garşy birleşdirilen sanjymy synagdan geçirip başladylar.
Bu ugurdaky ylmy barlaglar, derman öndürýän kompaniýalaryň işinde täze tapgyryň başlangyjy bolup, dünýä sanjym bazarynda möhüm özgerişlikleriň boljakdygyny habar berýär.
ABŞ-da 18 ýaşdan 64 ýaş aralygyndaky 180 sany meýletinçilerde “mRNA” tehnologiýasyna esaslanýan koronawirus we dümewe garşy ýeke-täk sanjymynyň ilkinji synaglary başlandy. Häzirki wagtda “Moderna”we “Novavax” kompaniýalary hem şuňa meňzeş sanjymlaryň üstünde işleýärler.
ORIENT habarlary
Surat: reuters.com








