Energetika instituty ilatly nokatlary elektrifikasiýalaşdyrmak boýunça innowasiýa taslamasyny teklip etdi


Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanyndaky «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniiň hünärmenleri 14 sany şäherçäni we ýurduň Döwlet serhet gullugynyň birnäçe desgalaryny, innowasiýa taýdan elektrikleşdirmek boýunça teklipleri taýýarladylar.
Bu barada Aşgabat we Türkmenbaşy şäher häkimlikleri, şeýle hem bu ugurda işleýän hünärmenler we Türkmen döwlet energetika institutynyň mugallymlary tarapyndan gurnalyp, ýaşaýyş etrapçalarynyň we toplumlarynyň energiýa üpjünçiliginiň netijeliligine bagyşlanyp geçirilen pudagara maslahatyň dowamynda mälim boldy. Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazeti habar berýär.
Şeýle hem bu maslahata myhmanhana pudagynyň wekilleri gatnaşdylar we onuň barşynda Aşgabat şäheriň demirgazyk künjeginde bar bolan “Altyn kölüň” golaýynda emele gelýän dynç alyş zolagynda kuwwatlylygy 10 MWt bolan günüň we ýeliň kömegi bilen işlejek utgaşdyrylan elektrik stansiýasyny gurmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Telekeçiler, öz gezeginde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky myhmanhanalarda kondisionirleme we yşyklandyryş ulgamyny tygşytly ulanmagyň hasabyna energiýa netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, häzirki zaman enjamlaryny ornaşdyrmagy teklip etdiler.
ORIENT news
Surat: phonoteka.org








