HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Alymlar ýaşyl energetikany ösdürmegiň çäklerinde Garagum çölüniň sowadyjy täsirini ulanyp bilerler

Noýabr 19, 2022 | 18:00 |7501
Türkmen Garagumynyň çägeleri BMG Ösüş Maksatnamasynyň we Ählumumy ekologiýa gaznasynyň taslamasynyň çäklerinde energiýa çeşmelerinden peýdalanmak we soňraky ýaşyl energetikany ösdürmek üçin ulanylyp bilner.Türkmen Garagumynyň çägeleri BMG Ösüş Maksatnamasynyň we Ählumumy ekologiýa gaznasynyň taslamasynyň çäklerinde energiýa çeşmelerinden peýdalanmak we soňraky ýaşyl energetikany ösdürmek üçin ulanylyp bilner.
Çeşme:

Türkmen Garagumynyň çägeleri BMG Ösüş Maksatnamasynyň we Ählumumy ekologiýa gaznasynyň taslamasynyň çäklerinde energiýa çeşmelerinden peýdalanmak we soňraky ýaşyl energetikany ösdürmek üçin ulanylyp bilner.

Bu barada «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde çap edilen we Müsüriň Şarm el-Şeýh şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça forumynyň netijelerine bagyşlanan makalada habar berilýär.

Makalada Türkmenistanyň goşmaça, uglerod däl çeşmeleri ara alnyp maslahatlaşylýar. Hususan-da, öndürijiligi bir fotoelektrik bekedinden sagatda 14 milliard kWt deň bolan, güýji inedördül metr üçin 600 wattlyk gün radiasiýasynyň ulanylmagy barada gürrüň edilýär.

Geçirilen ylmy gözleglere laýyklykda, Türkmenistan şertli ýangyjyň tonnasynda beýan edilýän gelioenergetikanyň ägirt uly tehniki kuwwatyna eýedir. Şeýlelikde, bu görkeziji ýylda takmynan 1,4×109 tonna şertli ýangyja deňdir. Ýurdumyzda ýylda 2-3 müň sagat gün şöhlesiniň bardygy göz öňünde tutulanda, öndürmegiň bu görnüşiniň ulanylmagy ýurdumyzyň ykdysadyýeti üçin möhüm bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň/Ählumumy ekologiýa gaznasynyň çäklerinde eýýäm pes uglerodly taslamalar durmuşa geçirilýär. Ahal welaýatynyň 1200-e golaý ýaşaýjylary suwy ýokary götermek üçin gün energiýasy ulgamlaryny ulanýarlar.

Mundan başga-da, suwuklygyň ägirt uly möçberi ýygnanan Garagumyň aşaky gatlaklarynda saklanýan çyglylygy («sowadyjy täsir» diýlip atlandyrylýany) ulanmak baradaky geljegi uly bolan pikirlere-de üns çekilýär.

ORIENT news
Surat: undp.org

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

Millionda bir tötänlik. Türkmen çölleriniň ak altyny: dünýä himiýasyny üýtgeden açyşyň taryhy

23:05 Awgust 10, 2026
Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

Kanada gümrük paçlarynyň zarbasyna sezewar bolýar

21:30 Awgust 10, 2026
Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

Eýranyň Ýokary lideri wideoýazgyda peýda boldy

20:00 Awgust 10, 2026