Habarlar

Türkmenistan BMG-de Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde diýen halkara ýylyny yglan etmek pikirini öňe sürýärTürkmenistan BMG-de Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde diýen halkara ýylyny yglan etmek pikirini öňe sürýär

Türkmenistan BMG-de Dialog parahatçylygyň kepili hökmünde diýen halkara ýylyny yglan etmek pikirini öňe sürýär

Dünýä syýasatynda we ykdysadyýetinde ýüze çykýan çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, halkara gatnaşyklarynda ynanyşmak, gatnaşyklaryň medeniýeti baradaky mesele häzir ählumymy häsiýete eýe bolýar. Muňa Prezident Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni Çolpon-Atada geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň sammitinde çykyş edende aýratyn ünsi çekdi.

Daşary ýurtlardan gelýän Türkmenistanyň raýatlary 3 günlük izolýasiýada bolmalyDaşary ýurtlardan gelýän Türkmenistanyň raýatlary 3 günlük izolýasiýada bolmaly

Daşary ýurtlardan gelýän Türkmenistanyň raýatlary 3 günlük izolýasiýada bolmaly

Daşary ýurtlardan gelýän we ähli zerur kepilnamalary bolan Türkmenistanyň raýatlary üçin (COVID-19 sanjymynyň edilendigini we bedeninde antigenleriň ýokdugyny tassyklaýan şahadatnama, uçuşdan öň - soňky 48 sagadyň dowamynda geçirilen koronawirusyň ýoklugy barada PCR-barlagy) öňüni alyş çäresi hökmünde diňe 3 günlük öz-özüni izolirlemek, ýagny işjeň daşky aragatnaşyksyz öýde galmaklyk göz öňünde tutulýar.