HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin seçişlik yglan etdi

Mart 14, 2023 | 18:15 |33007
Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2023-2024-nji okuw ýylynda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin seçip almalary geçirýär. Bu baradaky bildirişi 14-nji martda resmi türkmen metbugaty çap etdi.Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2023-2024-nji okuw ýylynda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin seçip almalary geçirýär. Bu baradaky bildirişi 14-nji martda resmi türkmen metbugaty çap etdi.
Çeşme: studyinchina.com.my

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2023-2024-nji okuw ýylynda Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin seçip almalary geçirýär. Bu baradaky bildirişi 14-nji martda resmi türkmen metbugaty çap etdi.

18 ýaşdan 25 ýaşa çenli bolan, orta bilimi bolan we iňlis dilini bilýän raýatlar okamak üçin dalaşgär bolup biler. Seçip alynma synag görnüşinde bäsleşik esasynda geçiriler.

Hünärleriň sanawy we ýerleriň sany bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetindäki kabul ediş komissiýasynda tanşyp bolýar. Resminamalary HYYÖU-de 15-nji martdan 22-nji marta çenli kabul edilýär.

Gerekli resminamalar:
— Türkmenistanyň raýatynyň arzasy we anketasy;
— daşary ýurt raýatynyň arzasy;
— orta bilim hakyndaky attestat;
— dalaşgärler üçin Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan berilýän kepilnama;
— COVID-19 sanjymy baradaky kepilnama;
— soňky okuw ýerinden (iş ýerinden ýa-da harby bölümden) kepilnama;
— 3х4 ölçegdäki 12 surat;
— zähmet depderçesiniň tassyklanan nusgasy (eger-de bar bolsa);
— halkara we döwlet ders olimpiadalaryna gatnaşandygy baradaky resminama (eger-de bar bolsa);
— Türkmenistanyň raýatynyň pasportynyň we daşary ýurt pasportynyň asyl nusgasy;
— harby bilet (eger-de bar bolsa);

Zerur bolan halatynda, kabul ediş komissiýasy goşmaça resminamalary talap edip biler.

Synaglar 29-njy martdan 31-nji marta çenli HYYÖU-de umumybilim berýän derslerden test görnüşinde geçiriler. «Türkmenistanyň taryhy» dersinden söhbetdeşlik geçiriler. Synaglar döwlet dilinde geçiriler.

Salgysy: Aşgabat şäheri, 1958 (Andalyp) köçe, 169.
Habarlaşmak üçin telefonlar: 39-85-62, 39-85-25

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Janly golografik kömekçi: Alltime özboluşly emeli aňly oLand kömekçi modelini tanyşdyrdy

Janly golografik kömekçi: Alltime özboluşly emeli aňly oLand kömekçi modelini tanyşdyrdy

23:06 Awgust 28, 2026
Türkiýäniň Egeý deňziniň kenary boýunça awtomobil syýahaty

Türkiýäniň Egeý deňziniň kenary boýunça awtomobil syýahaty

22:53 Awgust 28, 2026
Girongdaky süýşmeden emele gelen kölüň böwsülmek howpy ýokary

Girongdaky süýşmeden emele gelen kölüň böwsülmek howpy ýokary

18:00 Awgust 28, 2026