HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tytuş Mary welaýaty boýunça iri gurluşyk işleri ýaýbaňlanar

Mart 14, 2023 | 18:19 |19436
Mary welaýatynyň häkimligi durmuş maksatlary üçin infrastrukturanyň gurluşygy, taslamalaşdyrylmagy we gurnama işlerini alyp barmak boýunça tender-bäsleşigini yglan etdi – diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.Mary welaýatynyň häkimligi durmuş maksatlary üçin infrastrukturanyň gurluşygy, taslamalaşdyrylmagy we gurnama işlerini alyp barmak boýunça tender-bäsleşigini yglan etdi – diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.
Çeşme: Google Maps

Mary welaýatynyň häkimligi durmuş maksatlary üçin infrastrukturanyň gurluşygy, taslamalaşdyrylmagy we gurnama işlerini alyp barmak boýunça tender-bäsleşigini yglan etdi – diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Welaýatyň dürli etraplarynda çagalar baglary - Tagtabazar etrabynyň Saryýaz obasynda 160 orunlyk, Mary etrabynda 160 orunlyk, Wekilbazar etrabynyň Haşyrdak obasynda 320 orunlyk, Sakarçäge etrabynyň Akýap obasynda 320 orunlyk çagalar baglary peýda bolar.

Mary şäherinde 500 orunlyk, Baýramaly etrabynyň Ýalkym obasynda 500 orunlyk, Ýolöten etrabynda 600 orunlyk, Murgap etrabynda 500 orunlyk, Wekilbazar etrabynda 600 orunlyk orta mekdepler gurlar.

Bulardan başga-da, täze gurulýan şäherçelerde durmuş maksatly desgalaryň birnäçesini gurmak meýilleşdirilýär.

Wekilbazar etrabynda: ýangyn howpsuzlygy bölüminiň binasyny, dolandyryş binasyny, 660 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny we saglyk öýüni gurmak;

Sakarçäge etrabynda: ýangyn howpsuzlygy bölüminiň binasyny, dolandyryş binasyny, 720 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny we saglyk öýüni gurmak;

Türkmengala etrabynda: ýangyn howpsuzlygy bölüminiň binasyny, dolandyryş binasyny, 660 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny we saglyk öýüni gurmak meýilleşdirilýär.

Ähli täze şäherçelerde şeýle hem ýollary çekmek, suw üpjünçiligi, lagym suwlarynyň we ýerasty suwlary arassalaýjy torlary çekmek, elektrik ulgamlaryny oturdylmalydyr.

Türkmenistanyň çäginde hasaba alnan kompaniýalar tendere gatnaşmaga çagyrylýar.

Munuň üçin hukuk derejesi, ýurtda resmi taýdan hasaba alnandygy baradaky maglumatlary, şeýle hem soňky üç ýylyň dowamynda ýerine ýetiren taslamalary baradaky maglumaty, maddy-tehniki binýady baradaky maglumaty Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnamany goşup, ýazmaça görnüşde ýüz tutmaly.

Teklipler Mary şäherinde şu salgyda kabul edilýär: Çärjew köçesi, 12.

Habarlaşmak üçin telefon belgiler: 8(522) 6-06-21, 6-00-34.

ORIENT habarlar

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026