HOK we «BMG—Zenanlar» gurluşy gender deňligini öňe sürmek boýunça täze taslama badalga berýärler


Halkara olimpiýa komiteti (HOK) we BMG-niň gender deňligi we zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meseleleri boýunça gurluşy (BMG -Zenanlar) «Sportuň üsti bilen gender deňligi» taslamasyna badalga berdiler.
Taslama BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda geçýän Zenanlaryň ýagdaýy baradaky komissiýanyň 67-nji sessiýasynda tanyşdyryldy. Ol sporty gender deňligini öňe sürmegiň we gender zorlugynyň öňüni almagyň guraly hökmünde ulanar, gender deňsizligini ýok etmekde sport guramalaryna we jemgyýtçilik guramalaryna goldaw berer.
Taslamany ýerine ýetirmegiň çäklerinde HOK-niň we «BMG-Zenanlar» gurluşynyň ozalky hyzmatdaşlygynyň barşynda Оne Win Leads to Another (Bir ýeňiş beýlekä elter) gazanylan bilimi we tejribäni alyşmak boýunça ýyllyk maksatnama badalga berler.
«Sportyň üsti bilen gender deňligi» başlangyjy HOK-niň Olympism365 strategiýasyna gabat gelýär, ol Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde möhüm faktor hökmünde sportuň ornuny güýçlendirmek üçin işlenip düzülendir.
ORIENT habarlar








