Habarlar

Samarkand şäherinde VI Aziýa talyplar forumy geçirilerSamarkand şäherinde VI Aziýa talyplar forumy geçiriler

Samarkand şäherinde VI Aziýa talyplar forumy geçiriler

Aziýa uniwersitetleriniň birleşiginiň başlangyjy bilen esaslandyrylan VI Aziýa talyplar forumy 6-njy sentýabrdan 8-nji sentýabr aralygynda Özbegistanyň Samarkand şäherinde geçiriler. Özbek metbugatynyň berýän habaryna görä, bu forumyň geçiriljek ýeri Ş.Raşidow adyndaky Samarkand döwlet uniwersiteti bolar we Merkezi Aziýanyň, Russiýanyň we Hytaýyň 30 ýokary okuw mekdebinden 200-den gowrak döredijilik ýaşlarynyň wekilini birleşdirer.

Şanhaý şekeriň aşa köp sarp edilmegine garşy reňkli kodly duýduryşlar arkaly göreşip başlarŞanhaý şekeriň aşa köp sarp edilmegine garşy reňkli kodly duýduryşlar arkaly göreşip başlar

Şanhaý şekeriň aşa köp sarp edilmegine garşy reňkli kodly duýduryşlar arkaly göreşip başlar

Şanhaýda ilatyň arasynda şeker sarp edilişini azaltmaga gönükdirilen synag taslamasy başlady. Şäherdäki 159 bölek satuw dükanynda satyjylara süýjüleri aşa köp sarp etmegiň howpy barada duýduryş berýän içgiler bilen reňkli maglumat habarlary peýda boldy diýip, sixthtone.com. habar berýär. Taslama Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkeziniň Şanhaý bölümi tarapyndan başladyldy.