Habarlar

Gazagystan: Gysga setirde goňşynyň habarlaryGazagystan: Gysga setirde goňşynyň habarlary

Gazagystan: Gysga setirde goňşynyň habarlary

«Gazagystan daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň nazarynda». Netijesi Astanada jemlenen halkara bäsleşik şeýle atlandyrylýardy. Ol eýýäm sekizinji gezek geçirilýär. Şu ýyl 70-den gowrak arza bilen 40 ýurtdan žurnalistler ýüz tutdy. Emin agzalary iň oňat ýedi işi saýladylar. Ýeňijiler Amerikadan, Ýewropadan, Aziýadan, Afrikadan boldy. Olar Gazagystanyň ajaýyp ýerlerine baryp görmäge we gözel ýerleri bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar.

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan arzalary kabul etmegiň senesi belli boldyRussiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan arzalary kabul etmegiň senesi belli boldy

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin Türkmenistanyň raýatlaryndan arzalary kabul etmegiň senesi belli boldy

Russiýa Federassiýasynyň hökümetiniň 2024-2025-nji okuw ýyly üçin kwotasynyň çäginde 1-nji sentýabrda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okamaga isleg bildirýän daşary ýurtlular, şol sanda türkmenistanly raýatlar üçin arzalary kabul etmek başlaýar. Bu barada "Aşgabatdaky Rus öýi" özüniň telegram kanalynda habar berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatyň ýolbaşçylary bilen bugdaý ekişine we pagta ýygymyna taýýarlygyň gidişini ara alyp maslahatlaşdyTürkmenistanyň Prezidenti welaýatyň ýolbaşçylary bilen bugdaý ekişine we pagta ýygymyna taýýarlygyň gidişini ara alyp maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti welaýatyň ýolbaşçylary bilen bugdaý ekişine we pagta ýygymyna taýýarlygyň gidişini ara alyp maslahatlaşdy

Galla ekişine pagta ýygymy möwsümine taýýarlyk duşenbe güni hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatynyň esasy mowzugy boldy.