HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen we german lukmanlary bilelikde forum geçirerler

Oktýabr 21, 2023 | 02:47 |5826
11-nji gezek geçiriljek forum sanly ulgam arkaly şu ýylyň dekabr aýynyň birinji ongünlüginde guralar.11-nji gezek geçiriljek forum sanly ulgam arkaly şu ýylyň dekabr aýynyň birinji ongünlüginde guralar.
Çeşme: orient.tm

Anna güni bolan Hökümet mejlisiniň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow saglygy goraýyş boýunça XI Türkmen-german forumyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

11-nji gezek geçiriljek forum sanly ulgam arkaly şu ýylyň dekabr aýynyň birinji ongünlüginde guralar.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyz köp ýyllaryň dowamynda dünýäniň, şol sanda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy lukmançylyk merkezleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda saglygy goraýyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama hem-de Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Maksimilian-Lýudwig adyndaky Mýunhen uniwersitetiniň Groshadern klinikasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Ylalaşyk üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Şu ýylyň 28-29-njy sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýetiniň GFR-e saparynyň dowamynda birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilendigi habar berildi. Hususan-da, degişli teklipler öňe sürlüp, şolara laýyklykda, ýokarda ady agzalan forumy şu ýylyň dekabr aýynyň birinji ongünlüginde sanly ulgam arkaly guramak göz öňünde tutulýar.

Germaniýanyň saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri bilen ilkinji gatnaşyklar öz gözbaşyny 1998-nji ýyldan alyp gaýdýar. Şol ýyl nemes kardiohirurg lukmany Hans Maýsner we Sang Un Pek Türkmenistana sapar bilen gelipdiler. Şondan bäri türkmen lukmanlary german kärdeşleri bilen bilelikde ulularyň we çagalaryň ýürek ýetmezçilikleriniň bejergisinde iş alyp barýarlar. Geçen döwürde türkmen we german lukmanlarynyň arasyndaky özara gatnaşyklar täze many-mazmuna we ulgamlaýyn häsiýete eýe boldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdirilmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany XI Türkmen-german forumyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmäge talabalaýyk taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

22:47 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026