HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmen alabaýyna bagyşlanan halkara maslahat we sergi geçiriler

Oktýabr 21, 2023 | 14:37 |4828
Türkmen alabaýynyň baýramy Türkmenistanda döredilen iň täze baýramlaryň biridir. Ol ilkinji gezek 2021-nji ýylda Türkmen bedewiniň baýramy bilen bilelikde bellenipdi.Türkmen alabaýynyň baýramy Türkmenistanda döredilen iň täze baýramlaryň biridir. Ol ilkinji gezek 2021-nji ýylda Türkmen bedewiniň baýramy bilen bilelikde bellenipdi.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Wise-premýer Taňryguly Atahallyýew şu ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesine meýilleşdirilen Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli guraljak çärelere görülýän taýýarlyk barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde hasabat berdi.

Dabaralaryň çäklerinde “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyryny, sergidir halkara ylmy maslahaty geçirmegiň göz öňünde tutulýandygy barada habar berildi. Mundan başga-da, “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň III mejlisi geçiriler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda türkmen alabaýlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, baş sanyny artdyrmak we şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny nygtap, bu baýramy ýokary derejede guramak üçin gowy taýýarlyk görmegi wise-premýere tabşyrdy.

Türkmen alabaýynyň baýramy Türkmenistanda döredilen iň täze baýramlaryň biridir. Ol ilkinji gezek 2021-nji ýylda Türkmen bedewiniň baýramy bilen bilelikde bellenipdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

Türkmenistanyň Prezidentiniň bitaraplyk baradaky kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiri tanyşdyryldy

23:54 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

Türkmenistan, Azerbaýjan we Özbegistan ynsanperwer we ekologiýa dialogyny giňeldýärler

23:53 Oktýabr 21, 2026
Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

Türkmenistan we Katar ykdysady hyzmatdaşlygy hem-de ýokary derejedäki duşuşyklara taýýarlygy işjeňleşdirýär

23:50 Oktýabr 21, 2026