

THÇMB hepdede 26,1 million dollarlyk nebit we dokma önümlerini eksport etdi
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda hepdäniň dowamynda baglaşylan eksport amallarynyň mukdary 26 million 144 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.


Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda hepdäniň dowamynda baglaşylan eksport amallarynyň mukdary 26 million 144 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.


Aktau (Gazagystan) şäherinde 23-nji awgustdan 26-njy awgusta çenli geçirilen halkara ýaşlar ýaryşynda türkmen türgenleri alty – bir altyn, iki kümüş we üç bürünç medallary aldylar.


Şenbe güni Gülüstan welaýatynyň Gümrük müdirliginiň baş müdiri Şahriar Şahriari žurnalistlere Saud Arabystany Patyşalygyna barýan Russiýanyň ilkinji ýük otlusynyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Inçeburun serhet geçelgesinden Eýrana geçip, ýurduň günortasyndaky Bandar Abbas portuna tarap ýola düşendigini aýtdy – diýip, Mehr habarlar agentligi habar berdi.


"Siwilizasiýanyň gubury" diýlip atlandyrylýan adamzat taryhynda iň iri wagt kapsulasy diňe 6000 ýyldan soň - 8113-nji ýylda açylar. Geljekki siwilizasiýalara geçen asyryň 30-njy ýyllarynda adamlaryň nähili ýaşandyklary barada gürrüň bermeli diýseň uly ammar 1940-njy ýylda döredilipdi.


Polýar gözlegçiler aňzak aýazly uzak gyşyň geçirilmeli Antarktida stansiýasyna iberilmezden ozal gowy taýýarlyk görýärler. Sebäbi, garaşylmadyk ýagdaý ýüze çykan halatynda ol ýerde kömek ýakyn wagtda gelmez, üstesine-de sowuk howanyň başlanmagy bilen ewakuasiýa etmek has-da kynlaşýar. Antarktidadaky adamlar aslynda diňe özüne bil baglamaly bolýarlar.


Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsuly (Stambul şäheri) Muhammetnur Öwezow Türkiýäniň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk işleri boýunça baş müdirliginiň direktory Nurdan Erpulat Altyntaşa Konsullyk patentini gowşurdy.


Oguz han adyndaky "Türkmenfilm" kinostudiýasy daşary ýurtlarda Magtymguly Pyragy hakynda dokumental filmleri surata düşürip başlar. Türkmen kinematograflary Astrahan sebitinde (Russiýa), Azerbaýjanda, Özbegistanda, Eýranda we Türkiýede işlärler.


Türkmenistanyň Deňiz söwda floty 1-nji sentýabrdan Türkmenbaşy - Gyzylsuw aralygyna gämi gatnawlaryna biletleriň bahalaryny arzanlatdy. "ORIENT-e" habar berlişine görä, bu deňiz ugruna gatnawlar "Çarlak" we "Rowaç" ýolagçy gämileri arkaly amala aşyrylýar.


Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda "Ahalteke atlary - parahatçylygyň ilçileri" ady bilen ÝUNESKO klubynyň döredilmegi şenbe güni geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisiniň gün tertibinde esasy orun aldy.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen bolan duşuşygynda Palestinanyň ýurdumyz bilen geljekki hyzmatdaşlygy baradaky anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.


Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekilleriniň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, BMG-niň düzümleriniň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar.


Şu ýylyň 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp 25-nji awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ýolagçy we ýük dolanyşygynyň depginini artdyrmagy gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda görkezip, halkara üstaşyr ulag gatnawlary üçin amatly şertleri döretmek boýunça degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


Şu ýylyň 7 aýynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 112,9 göterim berjaý edildi.


Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri çaltlandyrmak, eksport we import şertnamalaryny biržada bellige almagyň tertibi, baha emele getirmegiň usulyny kämilleşdirmek möhümdir.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew Dokma senagaty ministrligine degişli kärhanalarda önümçiligiň artandygy barada 25-nji awgustda şu ýylyň geçen 7 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Hökümet mejlisinde habar berdi.