HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Senagat kärhanalarynyň bökdençsiz işledilmegini üpjün etmek meselesine Hökümet mejlisinde garaldy

Awgust 26, 2023 | 11:05 |5864
Şu ýylyň 7 aýynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 112,9 göterim berjaý edildi.Şu ýylyň 7 aýynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 112,9 göterim berjaý edildi.
Çeşme: Redaksiýanyň arhiwinden

Şu ýylyň 7 aýynda Türkmenistanyň Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 112,9 göterim berjaý edildi. Elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 105,8 göterime, daşary ýurtlara iberilen elektrik energiýasynyň ösüş depgini bolsa 103,9 göterime barabar boldy. Bu barada 25-nji awgustda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Annamämmedow hasabat berdi diýip, Döwlet habarlar agentligi mälim edýär.

Wise-premýeriň gözegçilik edýän pudaklarynda uly ösüş depginleriň gazanylandygy göze ilýär. Hasabat döwründe Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça iş meýilnamasy 108,5 göterim ýerine ýetirildi. Şu ýylyň ýedi aýynda Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasy 109,9 göterim üpjün edildi. Ýylyň başyndan bäri «Türkmenhimiýa» döwlet konserni tarapyndan 1 milliard 360 million manatlyk önüm öndürildi we hyzmatlar ýerine ýetirildi.

Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 104,2 göterim berjaý edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow gurluşyk we senagat toplumy boýunça kärhanalaryň bökdençsiz işledilmegini gazanmak hem-de taslama kuwwatyna çykarmak üçin toplumlaýyn çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026