HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

THÇMB hepdede 26,1 million dollarlyk nebit we dokma önümlerini eksport etdi

Awgust 27, 2023 | 16:45 |6130
Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda hepdäniň dowamynda
baglaşylan eksport amallarynyň mukdary 26 million 144 müň ABŞ dollaryndan
gowrak boldy.Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda hepdäniň dowamynda
baglaşylan eksport amallarynyň mukdary 26 million 144 müň ABŞ dollaryndan
gowrak boldy.
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda hepdäniň dowamynda baglaşylan eksport amallarynyň mukdary 26 million 144 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy.

Hususan-da, «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan öndürilen kerosin, polipropilen we esasy ýag daşary ýurt walýutasyna satyldy. Satyn alanlar Beýik Britaniýaly, Gruziýaly, Gazagystanly, Özbegistanly we Owganystanly söwdagärlerdi.

Şeýle hem, Hytaýa, Birleşen Arap Emirliklerine, Türkiýä, Azerbaýjana we Gyrgyzystana iberiljek tüýlek önümleriň, düşek toplumlaryň, jins we flanel matalaryň, pagta ýüplükleriň satyn alynmagyna eksport şertnamalary baglaşyldy.

Içerki bazar üçin ýerli hususy kärhanalar «Türkmennebit»-den nebit ýol bitumyny we polipropileni, şeýle hem jemi 31 million 839 müň manatdan gowrak el halylary satyn aldylar. Biržanyň söwda bäsleşiklerinde hepdäniň dowamynda jemi 58 geleşik resmileşdirildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

Aşgabatda BMG-niň gününe bagyşlanan çärede azerbaýjan ýörite stend bilen tanyşdyryldy

23:55 Oktýabr 23, 2026
Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

Perenco Holdings kompaniýasynyň ýolbaşçysy: Hazar deňzi Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleri açýar

23:15 Oktýabr 23, 2026
Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

Arçalygyň yzysüre: Türkmenistanyň Kindi brendiniň saýty Awwwards baýragyna dalaşgär görkezildi

22:45 Oktýabr 23, 2026