HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Prezident Serdar Berdimuhamedow: Türkmenistan Palestinanyň hyzmatdaşlyk baradaky anyk tekliplerine garamaga taýyn

Awgust 26, 2023 | 15:25 |13529
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen bolan duşuşygynda Palestinanyň ýurdumyz bilen geljekki hyzmatdaşlygy baradaky anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen bolan duşuşygynda Palestinanyň ýurdumyz bilen geljekki hyzmatdaşlygy baradaky anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.
Çeşme: кадры телеканала «Алтын асыр»

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Palestina Döwletiniň daşary işler we daşary ýurtlarda ýaşaýan palestinalylaryň işleri boýunça ministri Riýad al-Maliki bilen bolan duşuşygynda Palestinanyň ýurdumyz bilen geljekki hyzmatdaşlygy baradaky anyk tekliplerine garamaga taýýardygyny aýtdy.

Anna güni geçirilen duşuşygyň dowamynda diplomat döwlet Baştutanymyza Prezident Mahmud Abbasyň adyndan Palestina baryp görmek çakylygyny gowşurdy we öz ýurdunyň döwletara gepleşikleri güýçlendirmek islegini tassyklady.

Serdar Berdimuhamedow çakylyk üçin minnetdarlyk bildirip, Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryndan biridigini aýtdy.

Şu nukdaýnazardan Prezident Serdar Berdimuhamedow, Palestinanyň Daşary işler ministrliginiň başlygynyň şu wagtky saparynyň we meýilnamasyna girizilen geňeşmeleriň we gepleşikleriň döwletara gatnaşyklarynyň giň meselesi boýunça konstruktiw pikir alyşmaga mümkinçilik döretjekdigine ynam bildirdi.

imgpsh_fullsize_anim.jpg

Türkmenistan bilen Palestina döwletiniň köptaraplaýyn ugurda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we beýleki guramalaryň çäginde işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, pursatdan peýdalanyp, Prezident Serdar Berdimuhamedow Palestina döwletiniň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk statusyny we daşary syýasatyny yzygiderli goldaýandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem özara bähbitli söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellendi. Iki taraplaýyn geňeşmeleriň geçirilmegi we iki ýurduň hususy pudagynyň wekilleriniň arasynda aragatnaşyk gurmak üçin şertleriň döredilmegi bu ugurda esasy ädimler hökmünde kesgitlenildi.

Duşuşykda ylym-bilim we medeniýet pudagynda netijeli gatnaşyklary höweslendirmeklige hem üns berildi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Centrum Air awiakompaniýasy Özbegistandan Hindistana yzygiderli uçuşlary ýerine ýetirip başlaýar

Centrum Air awiakompaniýasy Özbegistandan Hindistana yzygiderli uçuşlary ýerine ýetirip başlaýar

23:44 Sentýabr 14, 2026
Nvidia «Time» neşiriniň maglumatyna görä dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň sanawynyň öňdebaryjysy, Apple — üçünji ýerde

Nvidia «Time» neşiriniň maglumatyna görä dünýäniň iň gowy kompaniýalarynyň sanawynyň öňdebaryjysy, Apple — üçünji ýerde

23:39 Sentýabr 14, 2026
Türkmenistanyň müftüsi Baku şäherinde türki döwletleriň din ýolbaşçylarynyň duşuşygynda çykyş etdi

Türkmenistanyň müftüsi Baku şäherinde türki döwletleriň din ýolbaşçylarynyň duşuşygynda çykyş etdi

23:36 Sentýabr 14, 2026