

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurban baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
Türkmenistanda ähli musulman dünýäsi üçin mukaddes bolan Gurban baýramy mynasybetli baýramçylyk dabaralary giňden we dabaraly bellenilip geçilýär. Ir säher bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow baýram namazyny okamak üçin sebitiň iň iri metjitleriniň biri bolan Gypjakdaky Türkmenbaşy Ruhy metjidine geldi



















