Çilide Ýer ýüzündäki iň gadymy agaçlaryň biri — ýaşy 5000 ýyldan geçýän agaç görkezildi


Günorta Amerikada alymlaryň çaklamalaryna görä, ýaşy 5000 ýyldan geçýän patagoniýa kiparisi barada seýrek düşürilen wideo ýazgylar görkezildi. Bu täsin tebigy ýadygärlik Çiliniň günortasyndaky Los-Rios sebitiniň milli seýilgähinde ýerleşýär.
Äpet agaç «Uly ata» (Great Grandfather) diýlip atlandyrylýar. Boýy 28 metre, sütüniniň diametri bolsa 4 metrden gowrak bolan bu äpet ösümlik Günorta Amerika yklymyndaky agaçlaryň iň iri görnüşi bolan Fitzroya cupressoides görnüşine degişlidir.

Hünärmenler äpet kiparisi ilkinji gezek 1972-nji ýylda ýüze çykardylar, emma onuň jikme-jik ylmy barlagy diňe 2020-nji ýylda başlandy. Alnan nusgalaryň seljermesi «Uly atanyň» ýaşynyň 5000 ýyldan köpdüginiň 80 göterim ähtimallyk bilen çak edilýändigini görkezdi. Bu bolsa agajyň ilkinji köklerini adamzadyň papirusda ýazuwy ýaýratmaga we düýeleri eldekileşdirmäge başlan döwründe ýaýradandygyny aňladýar.
XIX we XX asyrlarda gymmatly agajy gurluşykda we gämi gurluşygynda ulanylýan patagoniýa kiparisleri köpçülikleýin çapylýardy. Şol sebäpli şeýle gadymy agaçlar häzirki wagtda Ýer ýüzünde örän seýrek duş gelýän tebigy baýlyga öwrüldi.

Häzirki wagtda Çilidäki bu patagoniýa kiparisi berk gorag astynda saklanýar. «Uly atanyň» öwrenilmegi alymlara soňky bäş müň ýylyň dowamynda Ýeriň howasynyň nähili üýtgändigine, şeýle hem seýrek görnüşleriň global ekologik üýtgeşmelere nähili uýgunlaşýandygyna has gowy düşünmäge kömek edýär.
ORIENT






