Moskwada kompozitor Mämet Guseýnowyň «Parfiýa freskalary» atly saz-sungat albomy neşir edildi


Moskwada kompozitor Mämet Guseýnowyň «Parfiýa freskalary» atly gymmatly saz-sungat albomy neşir edildi. Bu diňe bir nota ýygyndysy bolman, eýsem saz bilen şekillendiriş sungatynyň ýakyn sazlaşykda birleşýän köptaraply döredijilik giňişligidir. Şeýle sintez kompozitoryň döredijilik uslubynyň aýrylmaz aýratynlygyna öwrüldi. Ol sesiň çeper keşpleri döredip bilýändigini, reňkiň we çyzygyň bolsa inçe saz assosiasiýalaryny oýaryp bilýändigini subut edýär.

Albomyň çeper bezeg işleri Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň başlygy, belli suratkeş Çarymyrat Ýazmyradowa ynanyldy. Onuň Parfiýa mirasyna bagyşlanan eserleri nota partiturasynyň mazmuny bilen özboluşly sazlaşyga girýär. Mämet Guseýnowyň eserlerini görnükli şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň işleri bilen bezemek däbi öňden bäri dowam edip gelýär. Ozal onuň neşirleri Zurab Sereteliniň, Gennadiý Babikowyň we Kössekmyrat Nurmyradowyň grafiki hem-de nakgaşçylyk eserleri bilen bezelipdi.

Alboma giriş makalasyny Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, sazşynas Ýelena Osipowa ýazdy. Onuň medeniýetşynaslyk seljermesi eseriň mazmunyna çuňňur düşünmäge ýol açyp, gadymyýet bilen häzirki döwri birleşdirýän taryhy-filosofik baglanyşyklary açyp görkezýär.

Guseýnowyň «Kamera kwartetiniň» konseptual esasyny Köne Nysanyň freskalary — XX asyryň ortalarynda ÝUTAKE-niň ekspedisiýasy tarapyndan ýüze çykarylan we arheolog Wiktor Pilipkonyň ýolbaşçylygynda öwrenilen Parfiýa döwrüniň monumental nakgaşçylyk eserleri düzýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Milli muzeýinde saklanýan gadymy Nusaýyň keşpleri eseriň adynda we saz gurluşynda öz beýanyny tapýar.

Parfiýa döwrüniň medeni mirasynyň dowamlylygy rus nusgawy şygryýetine-de öz täsirini ýetiripdir. Aleksandr Puşkin «Anakreondan» atly goşgusynda: «Çalasyn atlary / olaryň gyzgyn tagmalaryndan tanarlar; / buýsanjaň parfiýalylary / beýik başgaplaryndan tanarlar...» diýen setirleri ýazypdyr. Bu setirler taryhy-medeni dowamlylygy alamatlandyrýar: gadymy parfiýalylaryň buýsançly keşbi häzirki türkmen halkynyň medeniýetinde hem öz beýanyny tapýar. Türkmenleriň milli telpekleriniň kökleriniň şol gadymy parfiýa başgaplary bilen baglanyşyklydygy bellenilýär.

«Parfiýa freskalary» atly neşir «Dutaryň owazlary» gaznasynyň ylmy-neşirýat işleriniň ösüşinde möhüm tapgyry alamatlandyrýar. Albomyň neşir edilmegi Nury Halmämedow adyndaky Moskwa halkara sungat festiwalynyň 10 ýyllyk ýubileýine bagyşlandy.
Ýygyndynyň neşir edilen nusgalary ýubileý festiwalynyň çäginde geçiriljek toparlaryň bäsleşigine gatnaşyjylar üçin ýadygärlik sowgady bolar. Festiwal oktýabr aýynyň ahyrynda geçiriler we 1-nji noýabrda Russiýanyň Sungat akademiýasynyň Muzeý-sergi toplumynda dabaraly gala konserti bilen tamamlanar.








