HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

TESOL 2026: Iňlis dilini okatmakda döwrebap pedagogik strategiýalar

Awgust 27, 2026 | 18:18 |1670
26–28-nji awgust aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde başga dilli adamlara iňlis dilini okatmaga bagyşlanan «TESOL 26: English for Tomorrow» («TESOL 2026: Geljek üçin iňlis dili») atly halkara maslahat geçirilýär26–28-nji awgust aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde başga dilli adamlara iňlis dilini okatmaga bagyşlanan «TESOL 26: English for Tomorrow» («TESOL 2026: Geljek üçin iňlis dili») atly halkara maslahat geçirilýär
Çeşme: orient.tm

26–28-nji awgust aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde başga dilli adamlara iňlis dilini okatmaga bagyşlanan «TESOL 26: English for Tomorrow» («TESOL 2026: Geljek üçin iňlis dili») atly halkara maslahat geçirilýär. Bu iri bilim forumy TESOL Halkara assosiasiýasynyň howandarlygynda, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýardamy we ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň goldawy bilen guraldy.

английский язык

Bu giň gerimli usulyýet çäresini geçirmek üçin HYYweÖU eýýäm üçünji ýyl bäri abraýly meýdança bolup durýar. Üç günlük maslahata paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň orta mekdeplerine, ýokary okuw mekdeplerine hem-de hususy dil merkezlerine wekilçilik edýän ýüzlerçe iňlis dili mugallymy gatnaşýar.

преподавания английского языка

Maslahatyň maksatnamasy plenar mejlisleri, interaktiw sessiýalary, tanyşdyryşlary we amaly ussatlyk sapaklaryny öz içine alýar. Çykyş edenleriň arasynda lingwistika we lingwodidaktika pudagynyň öňdebaryjy amerikan hünärmenleri — Dewid Kýeza, Uilýam Nýuman, Tamrika Hwtisiaşwili, Liza Brisbua we Haýdi Faust bar.

Plenar çykyşlaryň we iş sessiýalarynyň esasy temalary häzirki zaman biliminiň iň derwaýys ugurlaryny — tehnologiýalaryň we emeli aňyň integrasiýasyny, pedagogik strategiýalary hem-de amaly taýýarlygy öz içine alýar.

английский язык для будущего

Amerikaly bilermenlerden başga-da, ýerli mugallymlar hem iňlis dili sapaklarynda okuw materiallaryny ulanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, iňlis dili sapaklarynda amaly ugurly okatmagyň usullary, çeper edebiýat bilen işlemek arkaly tankydy pikirlenmäni ösdürmek, şeýle hem daşary ýurt dili hökmünde iňlis dilini okatmakda ýüze çykýan adaty kynçylyklar we synplarda netijeli usullar ýaly temalarda çykyş etdiler.

Maslahatyň jemleýji seminarlarynda göreldeli okadyşy guramak üçin TESOL-yň esasy ýörelgelerine, şeýle hem halkara assosiasiýanyň çäginde mugallymlaryň hünär taýdan ösüş mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Tesol 2026

1966-njy ýylda döredilen TESOL Halkara assosiasiýasy iňlis dilini ikinji ýa-da daşary ýurt dili hökmünde okatmak ulgamynda dünýäde ykrar edilen öňdebaryjy gurama we hünär standartlarynyň biri bolup, bütin dünýäde on müňlerçe hünärmeni birleşdirýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
TESOL 2026: Iňlis dilini okatmakda döwrebap pedagogik strategiýalar

TESOL 2026: Iňlis dilini okatmakda döwrebap pedagogik strategiýalar

18:18 Awgust 27, 2026
Çilide Ýer ýüzündäki iň gadymy agaçlaryň biri — ýaşy 5000 ýyldan geçýän agaç görkezildi

Çilide Ýer ýüzündäki iň gadymy agaçlaryň biri — ýaşy 5000 ýyldan geçýän agaç görkezildi

18:12 Awgust 27, 2026
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026