Türkmenistanyň ýaş alymlary we talyplary GDA-nyň halkaraçylarynyň bäsleşigine gatnaşyp bilerler


A.A.Gromyko adyndaky Daşary syýasaty öwreniş assosiasiýasy Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Ýewropa instituty, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň MDHGI-i we Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet dolandyryş akademiýasy bilen bilelikde 2026-njy ýylyň GDA-nyň halkara gatnaşyklary boýunça ýaş hünärmenleriniň bäsleşigine gatnaşmak üçin arzalary kabul edişligini yglan etdi.
Taslama ýaş analitikler, diplomatlar, mugallymlar, žurnalistler, şeýle hem jemgyýetçilik-ynsanperwer ugurlary boýunça (syýasaty öwreniş, ykdysadyýet, taryh, sosiologiýa, hukuk, filosofiýa we beýleki ugurlar) talyplar hem-de aspirantlar üçin niýetlenendir. Bäsleşige GDA gatnaşyjy döwletleriň 18 ýaşdan 35 ýaşa çenli raýatlary gatnaşyp bilerler.
2026-njy ýylda bäsleşik topary analitiki işleri seretmäge kabul edýär. Teklip edilýän mowzuklaryň hatarynda 2036-njy ýyla çenli GDA-da howpsuzlyk binýadynyň geljekki gurluşyny çaklamak, milli özboluşlylyk meseleleri, sebitde gapma-garşylyksyz özara gatnaşyklaryň geljegi we beýleki ugurlar bar.
Esasy ugur boýunça ýeňiş üçin 25 ýaşdan 35 ýaşa çenli ýaş alymlar, ylmy işgärler, mugallymlar, aspirantlar, ylmy-barlagçylar we žurnalistler bäsleşip bilerler. Debýut ugry boýunça bolsa 18 ýaşdan 24 ýaşa çenli bakalawriat, hünär we magistratura talyplary, aspirantlar, ýokary okuw we ylmy edaralaryň işgärleri, ylmy-barlagçylar hem-de žurnalistler gatnaşyp bilerler.
Dürli ugurlar boýunça ýeňijilere gymmatly baýraklar gowşurylar. Iň azyndan 50 gatnaşyjy Moskwada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Ýewropa institutynda we Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň MDHGI-de geçiriljek göni final tapgyryna çagyrylar. Gatnaşyjylaryň ýol we ýaşaýyş çykdajylary guramaçylar tarapyndan doly tölenýär.
Arzalar we analitiki işler taslamanyň resmi saýty gromyko.ru/konkurs arkaly 2026-njy ýylyň 20-nji sentýabryna çenli, (23:59-a çenli) kabul edilýär.
Bäsleşigiň jikme-jik Düzgünnamasy bilen guramaçylaryň degişli sahypasynda tanşyp bolýar. Şeýle hem goşmaça maglumat almak üçin konkurs-gromyko@mail.ru elektron poçta salgysyna ýüz tutup bilersiňiz.





