Pakistanyň “Centaurus” kompaniýasy Türkmenistanyň atçylyk pudagyna gyzyklanma bildirdi


Türkmenistan bilen Pakistan atçylyk sporty we halkara syýahatçylygy ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna çykmagy maksat edinýär. Bilelikdäki işiň esasy ugurlary Yslamabatda Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamowyň Pakistanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky syýahatçylyk boýunça geňeşçisi we milli utgaşdyryjysy, şeýle hem ýurduň iň iri milli kompaniýasy bolan “Centaurus Group”-yň baş direktory Sardar Ýasir Ilýas Han bilen geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Pakistanyň işewür toparlarynyň öňdebaryjy kompaniýasynyň ştab-kwartirasynda geçirilen diplomatik duşuşykda iki ýurduň medeni-ynsanperwer mümkinçiliklerini atçylyk sporty pudagy we syýahatçylyk alyş-çalyşlary arkaly birleşdirmäge aýratyn ähmiýet berildi. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli we türkmeniň ahalteke bedewiniň mirasyna bagyşlanyp geçirilýän şu ýylky çärelere pakistan tarapynyň uly gyzyklanmasyny döretdi. Hususan-da, 2026-njy ýylyň 4–6-njy sentýabry aralygynda Niderlandlarda geçiriljek taryhda ilkinji gezek guraljak ahalteke atlarynyň arasynda dünýä çempionatyna aýratyn üns berildi.
Pakistanyň işewür wekili iki ýurduň ýöriteleşdirilen edaralarynyň we atçylyk sporty boýunça guramalarynyň arasynda ýakyn aragatnaşygy ýola goýmaga taýýardygyny mälim etdi. Bu ugurda bilelikdäki çäreleri geçirmek, hünär tejribesini alyşmak we syýahatçylygyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar.

Gepleşikleriň geçirilýän ýeriniň we gatnaşyjysynyň saýlanylyşy ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge netijeli çemeleşmäniň bardygyny görkezýär. Sardar Ýasir Ilýas Han Pakistanyň işewür toparlarynda täsirli şahslaryň biri bolup, iri gurluşyk we myhmanhana taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine ýolbaşçylyk edýänleriň hatarynda durýar. Onuň syýahatçylyk boýunça döwlet geňeşçisi wezipesini we hususy işewürlik mümkinçiliklerini utgaşdyrmagy öňe sürlen başlangyçlaryň gysga wagtda hakyky täjirçilik we medeni taslamalara öwrülmegi üçin berk esas döredýär.
Kompaniýanyň “Centaurus” (Kentawr) adynyň özi hem bedeni at görnüşinde, ýokarky bölegi bolsa adam şekilinde bolan mifologik jandaryň keşbinden gelip çykýar. Bu keşp kompaniýanyň wizual medeniýetinde ýygy-ýygydan ulanylýar. Kompaniýanyň esasy işi gurluşyk, ýokary derejeli myhmanhanalar we bölek satuw pudaklaryna gönükdirilendigine garamazdan, toparyň ýolbaşçysy Pakistanyň Premýer-ministriniň ýanyndaky syýahatçylyk boýunça milli utgaşdyryjy we geňeşçi hökmünde döwlet wezipesiniň çäklerinde ýurtda atçylyk sportunyň we atçylyk syýahatçylygynyň ösdürilmegine gönüden-göni gatnaşýar.





