Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda täze magistratura hünäri açyldy


2026–2027-nji okuw ýylyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda täze magistrlik maksatnamasy — «Ýangyç-energetika toplumynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy» boýunça okuw başlar. Bu ugur sanly tehnologiýalary we ekologiýa talaplaryny nazara alyp, energetika pudagyny dolandyrmaga ukyply täze görnüşli hünärmenleri taýýarlamaga gönükdirilendir.
Ilkinji 20 magistrant pudagyň ykdysadyýetini, dolandyrylyşyny, hukugy we innowasion ESG strategiýalaryny (işewürligiň ekologik we durmuş jogapkärçiliginiň ýörelgelerini) öwrener. Maksatnamanyň döredilmegine Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň Ýewropa Bileleşiginiň Erasmus+ maksatnamasynyň ESGCA taslamasyna gatnaşmagy ýardam etdi. Şol hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýokary okuw mekdebiniň ýanynda ylmy-barlag işlerini geçirmek üçin döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýörite ESGCA merkezi hem açylar.
Maksatnama häzirki zaman zähmet bazarynyň talaplaryna we amaly tejribä gönükdirilendir. Magistrantlar «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezinde we Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň kärhanalarynda önümçilik tejribesini geçerler.
Okuwy tamamlan hünärmenler «Türkmenenergo» Döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň bölümlerinde, degişli edaralarda, ylmy-barlag institutlarynda we okuw mekdeplerinde işläp bilerler. Olar maliýe meýilnamalaşdyryş, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, «ýaşyl» ykdysadyýeti ornaşdyrmak we ÝET-niň serişdelerini dolandyrmak ýaly ugurlarda iş alyp bararlar.
ORIENT







