

Maryda täze kände gazyň senagat akymy alyndy
Türkmen geologlary Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitindäki “Şerepli” diýen täze kände tebigy gazyň senagat akymyny aldylar diýip, şu gün resmi metbugat ýazýar.


Türkmen geologlary Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitindäki “Şerepli” diýen täze kände tebigy gazyň senagat akymyny aldylar diýip, şu gün resmi metbugat ýazýar.


Türkmenistanyň Prezidenti we Hökümeti 1-nji awgustdan 1-nji sentýabr aralygynda zähmet dynç alyşyna çykýar. Tomusky dynç alyş diňe oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylaryna degişli däldir, bu pudakda möhüm möwsümleýin işleri dowam edýär. Olar zähmet dynç alyşyna çykmak mümkinçiliginden biraz soňrak peýdalanyp bilerler.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýustisiýanyň geňeşçisi Öwezmämmet Şyhmämmedowy türkmen paýtagtynyň Bagtyýarlyk etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyp, ony Aşgabat şäheriniň prokurory wezipesine belledi.


Anna güni, 29-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Türkiýäniň wekili göni işlenilen benzin satyn almaga geleşik baglaşdy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


“Türkmenturba” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgeder we zawod hökmünde dolulygyna “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine geçiriler.


Türkmenistanyň ýolbaşçylary 1-nji awgustdan zähmet rugsadynda bolýarlar, ýöne Prezident Serdar Berdimuhamedow hökümetiň geçen mejlisinde awgust aýynda ýurdumyzda birnäçe ähmiýetli wakalaryň boljakdygyny aýtdy.


Türkmenistan 15-16-njy awgustda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyny geçirer. Wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow forumyň geçiriljek senesi we ony geçirmäge taýýarlyk görülişi barada habar berdi.


Maýyp çagalary terbiýeleýän ene-atalar we olaryň howandarlary, çaga 18 ýaşyna ýetýänçä, Türkmenistanda girdeji salgydyny tölemekden boşadylar. Türkmenistanyň Salgyt kodeksine şeýle üýtgetme girizilip, ol resmi taýdan çap edilenden bir aý soň – 2022-nji ýylyň 29-njy awgustynda güýje girer.


1-nji awgustdan Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Russiýanyň ÝOM-niň dalaşgärlerine we talyplaryna talyp wizasyny resmileşdirmek üçin resminamalary kabul edip başlar. Bu barada RF-nyň diplomatik wekilligi öz resmi Telegram kanalynda habar berdi.


Türkmenistanyň Gümrük kodeksi “"Eksport-import amallary üçin bir penjire" ulgamyny ornaşdyrmak” maddasy bilen dolduryldy, ol telekeçiniň haryt eksporty ýa-da importy üçin şol bir resminamalary dürli edaralara tabşyrmak zerurlygyny aradan aýyrar.


Penşenbe güni, 28-nji iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda BAE-niň telekeçisi saryja goýnuň ýüňüni satyn almaga geleşik baglaşdy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.


Türkmen kanunçylygyna girizilen täze üýtgetme kärhana bellige alnanda artykmaç resminamalary talap etmekligi gönüden-göni gadagan etdi.


Türkmenistanyň çäklerine getirilýän temmäki önümlerine goýulýan aksiziň bahasy 19% ýokarlanyp, gümrük bahasynyň 93%-ne ýakynlady, ýöne bir gabynyň bahasy $4-den pes däl.


"Türkmenawtoulaglary" agentligi 2023-nji ýylda awtoulag serişdelerinde haryt daşamaga daşary ýurtlardan rugsat almak üçin Türkmenistanyň ýük daşaýjy kärhanalaryndan arzalary kabul edip başlady.


Russiýanyň Baş prokurory Igor Krasnow iş sapary bilen Türkmenistanda bolup, saparynyň dowamynda türkmen kärdeşleri bilen howpsuzlyk meselelerine garady diýip, MIR-24 habar berýär.