TDHÇMB-niň söwdalary: göni işlenilen benziniň bahasy 4%-den gowrak ýokarlandy


Anna güni, 29-njy iýulda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda Türkiýäniň wekili göni işlenilen benzin satyn almaga geleşik baglaşdy diýip, ORIENT-iň habarçysy habar berýär.
Bu nebit önüminiň bahasy öňki söwdalardaky bilen deňeşdirilende, 4,4% ýokarlandy we bir tonnasynyň bahasy $698,50 deň boldy. Işewür umumy bahasy $558,8 müň bolan jemi 800 tonna ýangyç satyn aldy.
TDHÇMB-de göni işlenilen benziniň bahasy iýun aýyndaky bilen deňeşdirilende 10,4% gymmatlady.
Söwdalara çykarylýan harytlar baradaky maglumatlar bilen Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň şu salgy boýunça saýtyndan tanşyp bolar.
Oba hojalygy, senagat we kommunikasiýa, şeýle hem söwda toplumyna degişli ugurlar boýunça söwdalar duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:00-da, şenbe güni 11:30-da başlanýar. Nebit-gaz ugry boýunça birža söwdalary duşenbe gününden-anna güni aralygynda 16:30-da, şenbe güni 12:00-da geçirilýär.
Şunuň bilen bir wagtda, saýtda tmex.gov.tm döredilen degişli hyzmatlar arkaly göniden-göni öndürijiler bilen habarlaşyp, birža harytlarynyň söwdasynyň dowamy bilen tanşyp bolar. Şeýle hem birža harytlaryny satmak baradaky bildirişleri ýerleşdirmek mümkinçiligi elýeterlidir.
ORIENT news








