Türkmenistanyň hökümeti bir aý dynç alyşa çykýar


Türkmenistanyň Prezidenti we Hökümeti 1-nji awgustdan 1-nji sentýabr aralygynda zähmet dynç alyşyna çykýar. Tomusky dynç alyş diňe oba hojalyk pudagynyň ýolbaşçylaryna degişli däldir, bu pudakda möhüm möwsümleýin işleri dowam edýär. Olar zähmet dynç alyşyna çykmak mümkinçiliginden biraz soňrak peýdalanyp bilerler.
Muňa garamazdan, awgust aýynda ýurtda birnäçe çäreler meýilleşdirilip, şolaryň guralmagyna hem-de geçirilmegine ýolbaşçy düzümiň agzalarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şol çäreleriň hatarynda ýokary derejeli waka - deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarynyň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat bar.
Ýolbaşçylar aýyň dowamyndaky beýleki hemme wagtlaryny ýurduň şypahanalarynda we sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde geçirip bilerler.
ORIENT news








