HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Maryda täze kände gazyň senagat akymy alyndy

Awgust 01, 2022 | 22:27 |10699
Türkmen geologlary Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitindäki “Şerepli” diýen täze kände tebigy gazyň senagat akymyny aldylar diýip, şu gün resmi metbugat ýazýar.Türkmen geologlary Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitindäki “Şerepli” diýen täze kände tebigy gazyň senagat akymyny aldylar diýip, şu gün resmi metbugat ýazýar.
Çeşme:

Türkmen geologlary Türkmenistanyň günorta-gündogar sebitindäki “Şerepli” diýen täze kände tebigy gazyň senagat akymyny aldylar diýip, şu gün resmi metbugat ýazýar.

Taslama çuňlugy 2 müň 600 metre deň bolan №01 belgili ulanyş-baha beriş guýusyndan her gije-gündizde 695 müň kub metre çenli tebigy gaz alnar diýip, hünärmenler hasapladylar. Geljekde guýynyň bir gije-gündizki önüm berijiliginiň artmagyna garaşylýar.

Täze ýatakdaky tebigy gaz düzüminde kükürt-wodorodyň bolmazlygy bilen tapawutlanýar. Bu bolsa onuň ýokary hil ölçeglerine laýyk gelýändiginden hem-de dünýä bazarynda uly geljeginiň boljakdygyndan habar berýär.

Tebigy gazyň alynyşynyň artdyrylmagy önümçilik işleriniň döwrebaplaşdyrylmagy we «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gaz ýatagynda ýarym ýyl töweregi zähmet çeken geologlarynyň sazlaşykly işlemekleri bilen üpjün edildi.

Mary welaýatynda häzir bir wagtyň özünde gaz känleriniň jemi üçüsinde, şol sanda «Kelleli» we «Ýylan» känlerinde guýylary burawlamak işleri amala aşyrylýar. «Şerepli» gaz käninde ýakyn günlerde №02 belgili guýyda burawlaýyş işlerine girişiler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Kataryň Söwda işleri boýunça Döwlet ministri bilen duşuşdy

21:09 Oktýabr 26, 2026
Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Doha şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar

20:26 Oktýabr 26, 2026
Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

Ýewropada yssy howa sebäpli iň agyr tomus möwsümi hasaba alyndy

19:00 Oktýabr 26, 2026