HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanda kärhanany hasaba almak üçin ony esaslandyryjydan artykmaç resminamalary talap etmek gadagan edildi

Iýul 30, 2022 | 00:34 |17311
Türkmen kanunçylygyna girizilen täze üýtgetme kärhana bellige alnanda artykmaç resminamalary talap etmekligi gönüden-göni gadagan etdi.Türkmen kanunçylygyna girizilen täze üýtgetme kärhana bellige alnanda artykmaç resminamalary talap etmekligi gönüden-göni gadagan etdi.
Çeşme:

Türkmen kanunçylygyna girizilen täze üýtgetme kärhana bellige alnanda artykmaç resminamalary talap etmekligi gönüden-göni gadagan etdi.

“Kärhanalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 17-nji maddasy aşakdaky mazmunly bölüm bilen dolduryldy: “4. Kärhananyň döwlet tarapyndan bellige alynmagy üçin şu maddanyň birinji bölüminde göz öňünde tutulan resminamalardan başga, beýleki goşmaça resminamalary talap etmek gadagan.

Ýene bir üýtgetmede – kärhananyň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy üçin telekeçiler düşnüksiz “esaslandyryş resminamalaryny” däl-de, anyk bir resminamany - “Kärhananyň Tertipnamasyny” tabşyrmaly - diýilýär.

Şeýlelik bilen, Türkmenistanda kärhanany hasaba almak üçin ony esaslandyryjy diňe aşakdaky resminamalary bermeli:

– esaslandyryjynyň ýa-da esaslandyryjylaryň arzasy,
– kärhananyň Tertipnamasy,
– döwlet belligi üçin alnan ýygymyň tölenendigini tassyklaýan resminama,
– kärhananyň esaslandyryş şertnamasy (esaslandyryjy birden köp bolsa).

Şeýle hem, kärhanalary hasaba almak işi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Salgyt müdiriýetine we onuň salgyt gulluklaryna tabşyryldy. Bu bolsa, hasaba alyş tertibinden artykmaç nogsanlyklary aýryp, ony ýönekeýleşdirer.

Üýtgetmeler 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer.

Geçen ýyl Türkmenistanda kärhanany döwlet belligine almak hakynda karar kabul etmegiň möhleti iki hepdeden üç iş güne çenli azaldylypdy.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026