HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Prezidenti ýakynda boljak wakalary habar berdi

Iýul 30, 2022 | 15:42 |17764
Türkmenistanyň ýolbaşçylary 1-nji awgustdan zähmet rugsadynda bolýarlar, ýöne Prezident Serdar Berdimuhamedow hökümetiň geçen mejlisinde awgust aýynda ýurdumyzda birnäçe ähmiýetli wakalaryň boljakdygyny aýtdy.Türkmenistanyň ýolbaşçylary 1-nji awgustdan zähmet rugsadynda bolýarlar, ýöne Prezident Serdar Berdimuhamedow hökümetiň geçen mejlisinde awgust aýynda ýurdumyzda birnäçe ähmiýetli wakalaryň boljakdygyny aýtdy.
Çeşme:

Türkmenistanyň ýolbaşçylary 1-nji awgustdan zähmet rugsadynda bolýarlar, ýöne Prezident Serdar Berdimuhamedow hökümetiň geçen mejlisinde awgust aýynda ýurdumyzda birnäçe ähmiýetli wakalaryň boljakdygyny aýtdy.

1-nji awgustda Awazada uly kottejler toplumynyň açylyş dabarasy geçiriler.

3-nji awgustda bolsa Awazada “Ýüpek ýoly-2022” ralli ýaryşynyň hem-de ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda geçirilen agyr atletika boýunça Aziýa çempionatynyň baýrak eýelerini sylaglamak dabarasy bolar.

Hormatly Prezidentimiz Parlamentiň Başlygy Gülşat Mämmedowa 5-nji awgustda Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynda çagalar üçin bina edilen dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmagy tabşyrdy.

8-nji awgustda bolsa, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň habar berişi ýaly, Balkan welaýatynyň şol etrabynda “Demirgazyk-Günorta” halkara ulag geçelgesiniň möhüm halkasyna öwrüljek Garabogazköl aýlagynyň üstünden guruljak köpriniň düýbi tutular.

15-16-njy awgustda bolsa Awazada deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň derejesinde halkara maslahat geçiriler.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz goranmak ministri, döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Begenç Gündogdyýewe hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň nobatdaky sene ýylyna bagyşlanan çäreleriň ýokary derejede taýýarlanylmagyny hem-de geçirilmegini üpjün etmek barada görkezme berdi.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Katar Döwletiniň Haýyr-sahawat we yslam işleri boýunça ministri bilen duşuşdy

01:44 Noýabr 03, 2026
Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

Beýik Britaniýada adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk kampaniýasy alada we satyn alyşlaryň artmagyna sebäp boldy

20:00 Noýabr 02, 2026
Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

Hytaýyň DIM-niň başlygynyň orunbasary Ma Çžaýsu G20 ýurtlaryny ählumumy howpsuzlygy berkitmäge çagyrdy

18:00 Noýabr 02, 2026