Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti 308 adamyň günäsini geçmek baradaky karara gol çekdiTürkmenistanyň Prezidenti 308 adamyň günäsini geçmek baradaky karara gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti 308 adamyň günäsini geçmek baradaky karara gol çekdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günä geçişlik barada Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, iş kesilip, azatlykdan mahrum edilen 308 adam tussaglykdan boşadylar. Döwlet baştutany anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli ýolbaşçylara günäsi geçilen adamlaryň ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmagy üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Diplomatlar nädip «söweşýär»: Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli sport ýaryşyDiplomatlar nädip «söweşýär»: Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli sport ýaryşy

Diplomatlar nädip «söweşýär»: Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli sport ýaryşy

Anna güni daşary ýurtlaryň we Halkara guramalaryň Türkmenistanda akkreditlenen Diplomatik wekilhanalarynyň arasynda däbe öwrülen baýramçylyk sport çäresi geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri hem çetde durmadylar, iň esasysy bolsa, onuň garamagyndaky institutyň mugallymlardan we talyplardan düzülen türgenler topary şu günki ýaryşlaryň esasy gahrymanlaryndan birine öwrüldi.