Türkmenistan Dohada öz ilçihanasyny açar
Dekabr 13, 2022 | 08:44 |5968


Prezident Serdar Berdimuhamedow anna güni ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň, Türkmenistanyň halkara guramalarynyň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda Türkmenistanyň Katar Döwletinde ilçihanasyny açmak hakynda Permana gol çekdi.
Resminama arkaly ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek maksady bilen, Kataryň paýtagty Doha şäherinde Türkmenistanyň ilçihanasyny açmak tabşyryldy.
Bu mesele dekabr aýynyň başynda Serdar Berdimuhamedowyň Doha bolan sapary wagty Türkmenistanyň prezidentiniň Kataryň emiri bilen geçiren duşuşygynda ara alnyp maslhatlaşyldy.
ORIENT news








