Türkmenistanyň baştutany BAE-niň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministrini kabul etdi


Senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministri Ahmed al-Jaberiň ýolbaşçylyk edýän BAE-niň wekiliýeti şu günler Türkmenistanyň hökümetinde gepleşikleri geçirýär we anna güni prezident Serdar Berdimuhamedow bilen duşuşdy.
Türkmen teleradioýaýlymlarynyň täzeliklerindäki göýberilişde habar berilişi ýaly, taraplar Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň noýabrynda bolan resmi saparynyň dowamynda Abu-Dabide gazanylan ýokary derejedäki ylalaşyklara üns berdiler.
ÝET, himiýa senagaty, ulag we maliýe-ykdysady ulgamlar hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda bellenildi, türkmen lideri beýleki ugurlary hem işjeňleşdirmäge bar bolan mümkinçlikleri, şol sanda maýa goýum ulgamynda şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň möhümdigini aýtdy.
Şu ulgamda Türkmenistan Abu-Dabiniň özüş gaznasy bilen özara hereket edip, gazhimiýa, oba hojalyk, ulag logistika taslamlaryna maýa goýumlaryny we karz serişdelerini çekmek meselelerini ara alyp maslahatlaşýar. Bileikdäki türkmen-emiratlar bankyny döretmek boýunça gepleşikleri tizleşdirmek teklip edildi.
Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeler ulgamynda hem uly mümkinçilikler bar, bu babatda “Türkmenenergiýa” we Masdar arap kompaniýasy bilen ylalaşyga gol çekilmegi arkaly hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Şu işleriň hatarynda suwy süýjetmek, çölleşmäge garşy göreşmek hem-de daşky gurşawy goramak ýaly ugurlar hem bar. Türkmenbaşy şäheriniň deňiz portunyň Dubaýyň we Abu-Dabiniň portlary bilen aragatnaşyklary ýola goýmagyň maksat edinilýändigi barada-da we giň gerimli ikitaraplaýyn gün tertibiniň beýleki meseleleri barada hem aýdyldy.
Şeýle hem şol gün BAE-niň wekiliýetiniň agzalary nebitgaz senagaty, gurluşyk, elektro energetika we himiýa önümçilikleri, maliýe-bank toplumy boýunça wise-premýerler bilen duşuşdylar. Myhmanlar BAE-niň işewür wekilleri türkmen bazaryna uly gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar hem-de hyzmatdaşlyk etmek boýunça anyk tekliplerini beýan etdiler.
ORIENT news








