

Ýanwar-oktýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 5 esse ýokarlandy
Soňky 10 aýyň dowamynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky söwda dolanyşygy takmynan 5 esse ýokarlandy. Bu barada Türkmen parlamentiniň ýokarky palatasynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow azerbaýjanly kärdeşi Sahiba Gafarowa bilen duşuşygynda aýtdy – diýip, TDH agentligi ýazýar.



















