Kremlde dekabryň ahyrynda Sankt-Peterburgda GDA ýurtlarynyň liderleriniň remi däl sammitiniň geçiriljekdigi yglan edildi


Ýola goýlan däbe gorä, GDA ýurtlarynyň liderleriniň resmi däl sammitini dekabr aýynyň ahyrynda geçirmek meýilleşdirilýär. Bu gezek dotlukly duşuşyk Sankt-Peterburgda geçiriler. Bu barada penşenbe güni Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara işler boýunça kömekçisi Ýuriý Uşakow brifingde habar berdi.
Döwlet baştutanlarynyň Geňeşiniň resmi däl mejlisi GDA gatnaşyjy döwletleriň haýsy-da bolsa biriniň başlangyjy boýunça çagyrylýar hem-de başlangyç bilen çykyş eden ýurduň teklip edýän görnüşinde geçirilýär. Şeýle hem mejlise gatnaşyjylaryň teklipleri we arzuwlary göz öňünde tutulýar.
GDA-nyň baştutanlarynyň şeýle duşuşyklary 2005-nji ýyldan bäri geçirilýär we düzgün bolşy ýaly, resmi däl gün tertibi arkaly bolup geçýär. Sammitiň çäklerinde Arkalaşygyň döwlet baştutanlarynyň ikitaraplaýyn we üçtaraplaýyn gepleşikleri geçirilýär.
ORIENT news








