Habarlar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Maýn boýundaky Frankfurta hepdede bir gezek uçar“Türkmenistan” awiakompaniýasy Maýn boýundaky Frankfurta hepdede bir gezek uçar

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Maýn boýundaky Frankfurta hepdede bir gezek uçar

2023-nji ýylyň 7-nji ýanwaryndan türkmen awiakompaniýasy Aşgabat- Maýn boýundaky Frankfurt-Aşgabat ugry boýunça uçuşlarynyň sanyny wagtlaýynça azaldar. Uçuşlaryň gyşky tertibinde bir gatnaw galar, ol her şenbe günleri amala aşyrylar. Bu maglumat Reýn-Maýn howa menziliniň resmi **[saýtynda](https://www.frankfurt-airport.com/en/flights-and-transfer/departures.html?flighttype=departures&q=Turkmenistan+Airlines&time=2023-01-03T08%3A48%3A00.000Z&key=TUA&type=Airline)** ýerleşdirildi.