

Ýapon awtoulaglarynyň bahalarynyň arzanlamagyna garaşylýar
Başlanan ýylda Volkswagen, Mazda we Türkmenistanda aýratyn meşhurlykdan peýdalanýan Toyota ýaly awtoulag kompaniýalarynyň arasyndaky bäsleşik bahalaryň arzanlamagyna getirip biler.


Başlanan ýylda Volkswagen, Mazda we Türkmenistanda aýratyn meşhurlykdan peýdalanýan Toyota ýaly awtoulag kompaniýalarynyň arasyndaky bäsleşik bahalaryň arzanlamagyna getirip biler.


Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko ýokary we ýörite ýokary bilim almak üçin adamlary kabul etmegiň Tertibiniň täze redaksiýasyny tassyklady – diýip, BelTA habar berýär.


Hytaý keseliň öňüni almagyň ýerine COVID-19 keseliniň agyr geçişiniň öňüni almaklyga we adamlaryň saglygyny goramaklyga esasy ünsi berip başlar. Bu barada HHR-nyň saglyk işleri boýunça döwlet komitetiniň resmi wekili Mi Fen Pekinde geçen metbugat-maslahatynda aýtdy.


Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň saýtynda tamamlanan futbol möwsüminiň jemini jemlediler, onuň çäklerinde Türkmenistanyň iň gowy futbolçysy “Köpetdag” FK-nyň oýunçysy Begen Akmämmedow boldy. 24 ýaşly ýarym goragçy 19 gol salmagy başardy.


Azerbaýjandan Ýewropa goşmaça gaz ibermegiň taslamasy 3-nji fewralda Günorta gaz geçelgesine gatnaşýan ýurtlaryň energetika ministrleriniň duşuşygynyň çäklerinde hödürlener – diýip, Bolgariýanyň Prezidenti Rumen Radewiň beýan edendigini «Interfaks» habar berýär.


Tiz wagtdan 1802-nji ýyldan bäri saklanylýan Parfenonyň mermerden ýasalan heýkelleri Britaniýanyň muzeýinden Akropolyň muzeýine gaýdyp gelerler, şeýlelikde Beýik Britaniýa bilen Gresiýanyň arasyndaky üç asyrlap dowam eden jedel çözler – diýip, Bloomberg habar berýär.


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 5-6-njy ýanwarda Hytaýa döwlet saparyny amala aşyrar – diýip, sişenbe güni HHR-nyň DIM-i habar berdi.


Halkara futbol federasiýasy (FIFA) beýleki futbol guramalarynyň wekilleri bilen her ýurtda iň azyndan bir stadionyň adyny üýtgedip, dünýäniň üç gezek çempiony, futbolyň şasy, braziliýaly Peläniň adyny dakmaklygy ara alyp maslahatlaşýar.


HHR-nyň başlygy Si Szinpin ýurduň döwlet syýasatyny emele getirmek üçin dünýä jemgyýetçiliginiň sesini eşitmegi niýet edinýär – diýip, China daily habar berýär. Şu maksat bilen Hytaýyň hökümeti onlaýn-pikir soraşmasynyaçdy, ol bütin dünýädäki adamlary Si Szinpin bilen öz pikirlerini paýlaşmaga çagyrýar.


«ABŞ-da inflýasiýa özüniň iň ýokary derejesine baryp ýetdi, ýöne ol bu tapgyryň iň soňky derejesi däl» – diýip 2008-nji ýylyň çökgünligini öňünden aýdan Maýkl Berri beýan etdi we ABŞ-nyň aşak düşmä – ykdysadyýetiň ösüşiniň haýallamagyna duçar bolup biler diýip belledi – diýip, Business Insider habar berýär.


28-nji dekabrdan 12-nji ýanwar aralygynda uçýan Kwadrantida meteor tapgyry 4-nji ýanwar gijesinde iň ýokary nokada ýeter – diýip, Moskwanyň Planetariumynyň metbugat gullugy habar berýär.


"Geljegiň oýunlary" atly halkara taslama kibersport we nusgawy sport görnüşleriniň utgaşyklygy esasyny düzýän we sportuň innowasion görnüşlerini ösdürmek hereketini goldamaga gönükdirilen sport ýaryşlarynyň täze görnüşidir.


Prezident Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly welaýatlaryň häkimleri we obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer bilen iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň esasy meselesi ýurduň oba hojalyk pudagyndaky işleriň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Şeýle hem ýerlerde milli durmuş-ykdysady maksatnamanyň durmuşa geçirilişi, ýylylyk, gaz-suw-elektrik üpjünçilik ulgamlarynyň üznüksiz işledilişi baradaky meselelere garaldy.


"Bloombergiň" habar bermegine görä, Türkiýe Bolgariýa suwuklandyrylan tebigy gaz terminallaryny elýeter etmek bilen "sebitiň gaz üpjünçilik ýagdaýyny diwersifikasiýa edip biljek Ýewropa gaz bazarynyň bir tarapyndan girdi”.


Özbegistanyň bäş howa menzilinde - Daşkent, Samarkand, Buhara, Fergana we Ürgenç şäherlerinde 2-nji ýanwarda Tax Free ulgamy dabaraly ýagdaýda işe girizildi, onuň üsti bilen daşary ýurtly syýahatçylar satyn alan harytlary üçin keşbek alyp bilerler, ýagny syýahatçylara goşulan baha üçin salgyt yzyna gaýtarylyp berilýär. Ulgam Özbegistanyň Döwlet salgyt komiteti tarapyndan gurnaldy we häzirki wagtda ol synag tertibinde işleýär – diýip, Özbegistanyň howa menziliniň metbugat gullugy habar berýär.