HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

"Petýa we möjek" atly sazly erteki 5 ýyldan soň öz kiçijik diňleýjilerine gowuşdy

Ýanwar 04, 2023 | 02:02 |11371
Edermen Petýa, şadyýan guşjagaz, hüňürdeýän, ýöne akgöwünli baba hakyndaky sazly hekaýany Moskwada, Londonda, Parižde, Berlinde, Nýu-Yorkorkda we beýleki şäherlerde gowy görýärler. Bu eser 1936-njy ýylda kompozitor Sergeý Prokofýew tarapyndan ýazylypdy we şondan bäri dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly ýerine ýetirildi.Edermen Petýa, şadyýan guşjagaz, hüňürdeýän, ýöne akgöwünli baba hakyndaky sazly hekaýany Moskwada, Londonda, Parižde, Berlinde, Nýu-Yorkorkda we beýleki şäherlerde gowy görýärler. Bu eser 1936-njy ýylda kompozitor Sergeý Prokofýew tarapyndan ýazylypdy we şondan bäri dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly ýerine ýetirildi.
Çeşme:

Edermen Petýa, şadyýan guşjagaz, hüňürdeýän, ýöne akgöwünli baba hakyndaky sazly hekaýany Moskwada, Londonda, Parižde, Berlinde, Nýu-Yorkorkda we beýleki şäherlerde gowy görýärler. Bu eser 1936-njy ýylda kompozitor Sergeý Prokofýew tarapyndan ýazylypdy we şondan bäri dünýäniň ähli ýurtlarynda diýen ýaly ýerine ýetirildi.

Diýseň üýtgeşik erteki Aşgabatda-da "mesgen tutupdy", ol dürli düzümdäki orkestrler tarapyndan ýerine ýetirilipdi. bäş ýyl ozal bolsa ony öz ýaş diňleýjilerine dirižýor Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri hödürledi. Bu eser çagalar döwlet orkestriniň çagalar üçin niýetlenen sazlar toplumynyň başyny başlady. Biraz soňra olar täze gyzykly saz eserleri bilen saz üsti bilen beýan edilýän hekaýalaryň üstüni dolarlar.

Soňky bäş ýylda Döwlet orkestriniň özi-de hünär taýdan kämilleşdi - erteki kompozisiýasyna ikinji “çemeleşme”, elbetde, birinjiden tapawutlanar. "Petýa we möjek" atly sazly ertekiniň näzeden işlenen görnüşini türkmen sazandalary 15-nji ýanwarda paýtagtyň Mukamlar köşgünde dişleýjileriň dykgatyna ýetirerler. Dirižýor Rasul Gylyjow “Orient” bilen söhbetdeşlikde orkestriň öz ýaş tomaşaçylary üçin berjek konserti barada gürrüň berdi.

“Bu simfoniki eseriň adaty bolmadyk görnüşi - orkestr we alyp baryjy - çagalary hakyky nusgawy saz bilen aňsat we hatda şatlykly tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär. Prokofýewiň sazy ýeňil, ýakymly, oýun gatançly bolansoň, ýaş diňleýjiler tarapyndan gowy garşylanýar.

1-1.jpg

Petýa, guşjagaz we möjek hakyndaky saz eseri diňe bir çagalar däl, eýsem uly ýaşly tomaşaçylar tarapyndan hem uly islegden peýdalanýar. Bu simfoniki ertekini diňlänlerinde, ähli gahrymanlary tanaýarlar, sebäbi haýwanlar dünýäniň iň gowy saz gurallarynyň sesleri bilen “gürleýärler”. Mysal üçin, guşjagaz - fleýta, ördek – goboý, pişik - klarnet, möjek bolsa - üç sany waltorna guraly arkaly seslendirilýär. Tüpeň sesleri uly depregiň kakuwy arkaly, fagot arkaly bolsa hüňňürdeýän babanyň sesi berilýär. Petýa atly oglanjyk simfoniki orkestriň hemmesine diýen ýaly duşýar, çagalar bolsa erteki gahrymanlarynyň duýgularyna aňryýany bilen düşünýärler – diýip, Rasul Gylyjow aýtdy.

Orkestriň çykyşy multimediýa hatary we çagalaryň suratlarynyň görkezilişi bilen utgaşyklykda geçer. Konsertde P.I.Çaýkowskiniň “Çagalar albomy” hem ýerine ýetiriler, ertekini artist Wasiliý Andronow okar.

2-1.jpg

Ýeri gelende aýtsak, Polşadan, Norwegiýadan we Angliýadan halkara topar tarapyndan surata düşürilen “Petýa we möjek” atly gysgametražly multfilm 2008-nji ýylda “Oskar” baýragyna mynasyp boldy. Amerikanyň kinoakademiýa baýragy filmiň awtorlaryna iň oňat animasiýa aýratynlygy üçin gowşuryldy. Multfilm sözsüz - diňe şekiller we London simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde saz.

Petýa we möjek baradaky sazly erteki 90 ýyl töweregi wagt bäri dünýä gezelenç edýär we ýagşylyk, şatlyk, ýagtylyk paýlaýar, çagalara saza düşünmegi we ony söýmegi öwrenmäge kömek edýär.

Aşgabatda orkestr bilen erteki konsert programmasy 15-nji ýanwarda paýtagtyň Mukamlar köşgünde 16:00-da we 18:00-da geçiriler.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

Eýran gury ýerdäki gaz känlerinde gaz çykarylyşyny artdyrýar

14:34 Iýun 18, 2026
Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

Hazar deňzindäki bäsdeşlik: Gazagystanyň we Dagystanyň portlary hytaý ýüklerini öz ugruna gönükdirmegi meýilleşdirýär

14:30 Iýun 18, 2026
Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

Aşgabatda ÝHHG-niň talyplar üçin howa boýunça okuw maslahaty geçirildi

14:25 Iýun 18, 2026