Kibersport boýunça ilkinji açyk Aziýa oýunlarynyň senesi belli boldy


Halkara kibersport federasiýasy (IESF) kibersport boýunça Asia Open Esports ilkinji açyk Aziýa oýunlarynyň senesini yglan etdi. Ýaryş 30-njy ýanwardan 15-nji mart aralygynda geçiriler – diýip, Inside the games ýazýar.
Ýaryşa 35 ýurtdan üç görnüşde öz ussatlygyny görkezjek wekilleriň gatnaşmagyna garaşylýar.
«Bu täsin çempionat, biziň kibersporty hakykatdanam tolgundyryjy we özboluşly etmäge kollektiwleýin hereket edýändigimizi tassyklaýar we her bir oýunça beýleki ýurtlaryň iň gowulary bilen bäsleşmäge mümkinçilik döredýär» – diýip, IESF-iň prezidenti Wlad Marinesku aýtdy we Hindistanyň Big Bang Media Ventures kompaniýasyna ýaryşy geçirmekdäki hyzmatdaşlygy üçin minnetdarlyk bildirdi.
Hindistanyň media kompaniýasy bu çäräniň guramaçylygy üçin Halkara kibersport federasiýasy (IESF) bilen hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyk baglaşdy.
«Aziýa we Ýakyn Gündogar dünýäde iň çalt ösýän iki kibersport sebitidir. Esasy maksadymyz diňe ertiriň çempionlaryny kesgitlemek däl-de, eýsem kibersporty esasy akymlara çykarmak bilen uly we gyzyklanýan jemgyýetleri döretmekdir» –diýip, bilelikdäki beýanatda aýdylýar.
ORIENT news








