HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Maýn boýundaky Frankfurta hepdede bir gezek uçar

Ýanwar 03, 2023 | 21:43 |7249
2023-nji ýylyň 7-nji ýanwaryndan türkmen awiakompaniýasy Aşgabat- Maýn boýundaky Frankfurt-Aşgabat ugry boýunça uçuşlarynyň sanyny wagtlaýynça azaldar. Uçuşlaryň gyşky tertibinde bir gatnaw galar, ol her şenbe günleri amala aşyrylar. Bu maglumat Reýn-Maýn howa menziliniň resmi **[saýtynda](https://www.frankfurt-airport.com/en/flights-and-transfer/departures.html?flighttype=departures&q=Turkmenistan+Airlines&time=2023-01-03T08%3A48%3A00.000Z&key=TUA&type=Airline)**  ýerleşdirildi.2023-nji ýylyň 7-nji ýanwaryndan türkmen awiakompaniýasy Aşgabat- Maýn boýundaky Frankfurt-Aşgabat ugry boýunça uçuşlarynyň sanyny wagtlaýynça azaldar. Uçuşlaryň gyşky tertibinde bir gatnaw galar, ol her şenbe günleri amala aşyrylar. Bu maglumat Reýn-Maýn howa menziliniň resmi **[saýtynda](https://www.frankfurt-airport.com/en/flights-and-transfer/departures.html?flighttype=departures&q=Turkmenistan+Airlines&time=2023-01-03T08%3A48%3A00.000Z&key=TUA&type=Airline)**  ýerleşdirildi.
Çeşme:

2023-nji ýylyň 7-nji ýanwaryndan türkmen awiakompaniýasy Aşgabat- Maýn boýundaky Frankfurt-Aşgabat ugry boýunça uçuşlarynyň sanyny wagtlaýynça azaldar. Uçuşlaryň gyşky tertibinde bir gatnaw galar, ol her şenbe günleri amala aşyrylar. Bu maglumat Reýn-Maýn howa menziliniň resmi saýtynda ýerleşdirildi.

Häzirki wagtda “Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat- Maýn boýundaky Frankfurt ugru boýunça hepdede iki gezek – her çarşenbe we şenbe günleri uçýar. Täze uçuş tertibine laýyklykda, türkmen uçary Aşgabadyň Halkara howa menzilinden şenbe güni ýerli wagt boýunça 12:40-da uçar.

Uçuşlar uzak aralyga uçýan Boeing 777-200LR uçarlarynda ýerine ýetiriler. Uçuş peteginiň bahasy pes nyrh boýunça – bir tarapa 8023 manat 80 teňňe.

Türkmenistanyň Germaniýa bilen yzygiderli howa gatnawyny 2022-nji ýylyň awgustynda täzeden ýola goýandygyny ýatlap geçmek ýerlikli bolar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

Özbegistanda yslam siwilizasiýasynyň mirasyna bagyşlanan halkara media-forumy geçiriler

11:40 Awgust 25, 2026
Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

Şahrisabz Bütindünýä senetçilik şäherleriniň hataryna goşuldy: «Iroki» keşdesiniň halkara ykrar edilmesi

11:29 Awgust 25, 2026
Pakistanyň Maglumat tehnologiýalary ministrligi Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini öwrenýär

Pakistanyň Maglumat tehnologiýalary ministrligi Türkmenistan bilen bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini öwrenýär

08:07 Awgust 25, 2026