HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gazagystanyň prezidenti milli tohum itlerini gorap saklamak baradaky kanuna gol çekdi

Ýanwar 03, 2023 | 05:07 |11105
Gürrüň tazy we tobet gazak tohum itleri barada barýar. Bu ýyndam itler Gazagystanyň gymmatlygy hasaplanylýar we häzir olar ýitmegiň howp astynda. Milli tohum itleri gorap saklamak we täzeden dikeltmek üçin respublikanyň baştutany Kasym-Žomart Tokaýew kanuna gol çekdi diýip, ýurduň prezidentiniň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi.Gürrüň tazy we tobet gazak tohum itleri barada barýar. Bu ýyndam itler Gazagystanyň gymmatlygy hasaplanylýar we häzir olar ýitmegiň howp astynda. Milli tohum itleri gorap saklamak we täzeden dikeltmek üçin respublikanyň baştutany Kasym-Žomart Tokaýew kanuna gol çekdi diýip, ýurduň prezidentiniň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi.
Çeşme:

Gürrüň tazy we tobet gazak tohum itleri barada barýar. Bu ýyndam itler Gazagystanyň gymmatlygy hasaplanylýar we häzir olar ýitmegiň howp astynda. Milli tohum itleri gorap saklamak we täzeden dikeltmek üçin respublikanyň baştutany Kasym-Žomart Tokaýew kanuna gol çekdi diýip, ýurduň prezidentiniň metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi.

Ýurtda tazylaryň we tobetleriň arassa ganly wekilleri galmady diýen ýaly. Ýogsa, itşynaslaryň ýüzlerçesi köpeltmek bilen meşgullanýarlar. Ýörite milli merkez gazak tohum itleriniň ýeke-täk nesil şejerisini alyp barar hem-de ölçeglere laýyk gelşine jogap berer. Şol ýerde hem bilermenleri okatmak we tohum itlerini köpeltmek, sergileri gurnamak meýileşdirilýär.

1

Tazylar gadymy aborigen tohumlar bolup, olaryň gelip çykyşy 13 asyra barabar boldy. Bu itleri baryp petrogliflerde hem şekillendiripdirler. Bir tazynyň bahasy ýylky sürisine barabar bolupdyr we Gazagystanda ol ýigidiň ýedi baýlyklarynyň birini alamatlandyrypdyr.

Tobet hem adamlaryň aýrylmaz kömekçisi we azyk-owkat bilen üpjün edijisi bolupdyr. Bu itler ýüzýyllyklaryň dowamynda çarwalaryň sürilerini gorapdyrlar, eýeleri bilen bilelikde aw edipdirler we hatda, işçi güýji hökmünde-de ulanylypdyr.

2

Kabul edilen kanun, bilermenleriň pikirine görä, gazak it tohumlarynyň genofonduny gowulandyrmaga kömek eder hem-de olary doly ýitip gitmek howpundan goramaga gönükdirilendir. Bu meseleleriň çözülmegi üçin milli aw itlerini gorap saklamak we köpeltmek babatda işleri amala aşyrmagyň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslary kesgitlener. Şeýle hem kanuny taslama ygtyýarly edaranyň wezipelerini tassyklar diýlip, metbugat-gullugynyň habarynda aýdylýar.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
global trade summit
Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Pekinde Hytaý bilen Russiýanyň strategik hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

18:00 Noýabr 04, 2026
Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

Ispaniýada ýokary tizlikli otlularyň çaknyşygynda heläk bolan 69 adamyň ählisiniň şahsyýeti anyklandy

16:00 Noýabr 04, 2026
Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

Polşada Konstitusiýa tribunalynyň töweregindäki syýasy gapma-garşylyk ýitileşdi

15:00 Noýabr 04, 2026