Belarusyň wizasy bilen daşary ýurt raýatlary Russiýanyň çägine girip bilerler


Belarusyň wizasy bolan daşary ýurt raýatlary hiç hili päsgelçiliksiz Russiýanyň çägine girip bilerler we resminamanyň möhleti gutarýança, ol ýerde bolup bilerler. Bu barada Belorussiýanyň IIM-niň raýatlar we migrasiýa baradaky deparamentiniň başlygy Alekseý Begun mälim etdi – diýip, TASS habar berýär.
Ol şeýle hem Russiýanyň wizasy bolan daşary ýurt raýatlarynyň hem Belorussiýanyň çägine grip bilýändiklerini belledi.
«Wiza düzgüni bolan ýurtlar üçin bir wiza ýeterlikdir. Muňa kiçi-şengen diýseňem bolýar, ýöne entek wiza düzgünleri umumylaşdyrylmadyk» -diýip, Belorussiýanyň IIM-niň departamentiniň başlygy aýtdy.
Begunyň sözlerine görä, wizasyz düzgüniň çäklerinde Belorussiýa we Russiýa gelýän adamlar içerki araçäkden girip bilýärler, halkara şertnamalarynda we milli kanunçylykda görkezilen möhletiň dowamynda ýurtlaryň ikisinde-de bolup bilýärler. Şunda wizasyz gelme kararynyň çäklerinde Belorussiýa gelýän daşary ýurt raýatlary (80 ýurduň raýatyna Minskiniň howa menziliniň üsti bilen Belorussiýada wizasyz 30 gün bolmaga rugsat berilýär) Russiýanyň çäginde bolmak üçin degişli wizany almalydyrlar».
Bu täzeçillik wizalary ikitaraplaýyn ykrar etmek hakynda hökümetara Belorussiýa bilen Russiýanyň arasyndaky ylalaşykda göz öňünde tutulandyr, ol iki ýurduň maglumatlar serişdeleriniň integrasiýasyny niýet edinýär.
ORIENT habarlar
Surat: auto.onliner.by








