HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Watan 03.01.2023

Ýanwar 04, 2023 | 02:55 |7753
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Çeşme:

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Häkimler häzirki wagtda welaýatda alnyp barylýan oba hojalyk işleriniň barşy, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen Maksatnamalaryna laýyklykda meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz häkimlere möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny belledi hem-de gowaça ekiljek meýdanlary sürmek we tekizlemek, hemde bugdaý ekilen meýdanlaryndaky ideg işlerine ünsi çekip tehnikalary we gurallary abatlamak işleriniň talabalaýyk guralmagy babatda häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem häkimler welaýatlarda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek, ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen Maksatnamalaryny ýerine ýetirmek ugrunda degişli işleriň alnyp barylýandygyny habar berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamalaryna laýyklykda, welaýatlarda gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş maksatly desgalardaky işleriň depginlerini berk gözegçilikde saklamagy welaýat häkimlerine tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow ýurdumyzyň welaýatlaryndaky möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy hem-de alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

wise-premýer häzirki wagtda ýazky ekiş möwsümine taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýandygy barada hasabat berdi.

hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryna hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, şu günki günüň wajyp meseleleriniň biri bolan kärendeçiligi ösdürmek işine jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny aýtdy we degişli tabşyryklary berdi.

Ýurdumyzyň Mukamlar köşgünde "Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylyna bagyşlanan hoşallyk maslahaty geçirildi.

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly » diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabara geçirildi.

Medeniýet ministrliginiň hem-de medeniýet ulgamyna degişli edaralaryň ýolbaşçylarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriň, döredijilik işgärleriniň we habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Mukamlar köşgünde geçirilen şu günki dabara gatnaşyjylar Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ägirt uly işleri üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, « Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» ýylynyň, gürrüňsiz, täze şöhratly we beýik işlere beslenjekdigini bellediler.

Bu çärä gatnaşyjylaryň çykyşlary 2023-nji ýylyň « Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýen şygaryna bagyşlanan aýdym-sazlar bilen utgaşdy. Paýtagtymyzyň teatrlarynyň artistleriniň, döredijilik toparlarynyň we estrada aýdymçylarynyň çykyşlarynda şu ýylyň şygarynyň many-mazmuny öz beýanyny tapdy.

Hoşallyk maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul etdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

Türkmenistanyň Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlary Pekin şäherinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler

23:40 Iýun 24, 2026
«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

«Neo-şygyrýet» sergisi aşgabatlylary wizual liriki žanry bilen tanyşdyrdy

23:36 Iýun 24, 2026
Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

Ilon Mask trillioner derejesini ýitirdi

23:32 Iýun 24, 2026