

Ilkinji Russiýa – Saud Arabystany ýük otlusy Türkmenistandan geçdi
Şenbe güni Gülüstan welaýatynyň Gümrük müdirliginiň baş müdiri Şahriar Şahriari žurnalistlere Saud Arabystany Patyşalygyna barýan Russiýanyň ilkinji ýük otlusynyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Inçeburun serhet geçelgesinden Eýrana geçip, ýurduň günortasyndaky Bandar Abbas portuna tarap ýola düşendigini aýtdy – diýip, Mehr habarlar agentligi habar berdi.




















