HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

"Ýaňlan, Diýarym!" telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Awgust 26, 2023 | 10:28 |1468
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça wise-premýeri Mährijemal Mämmedowa sentýabr aýynda geçiriljek medeni çäreler we Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli jemi jemlenjek dürli bäsleşikler barada hasabat berdi.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça wise-premýeri Mährijemal Mämmedowa sentýabr aýynda geçiriljek medeni çäreler we Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli jemi jemlenjek dürli bäsleşikler barada hasabat berdi.
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri boýunça wise-premýeri Mährijemal Mämmedowa sentýabr aýynda geçiriljek medeni çäreler we Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli jemi jemlenjek dürli bäsleşikler barada hasabat berdi.

Bu barada Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 7 aýyna bagyşlap geçiren mejlisinde mälim edildi. Sentýabr aýynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli dabaralar geçiriler. Şeýle hem «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Çalsana, bagşy!» bäsleşikleriniň jemleýji tapgyrlary, ýurdumyzyň ykdysady gazananlarynyň sergisi, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygy: halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň tejribesi we geljegi» atly halkara maslahat, «Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan halkara habarlar giňişliginde» atly halkara media forumy geçiriler. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy bolar hem-de beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler guralar.

Güýz paslynyň birinji aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň "Türkmeniň Altyn asyry" bäsleşiginiň jemi jemlener. Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, mähriban Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk işiniň ýokary derejede guralmagyny tabşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Karary esasynda şu raýatlar "Ýaňlan, Diýarym" telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:

Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 132-nji orta mekdebiniň informatika mugallymy Hezretguly Hojageldiýewiç Guldurdyýew;

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiniň iňlis dili mugallymy Batyr Amanmuhammedowiç Şalarow;

Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň Balkanabat şäher medeniýet merkeziniň usulyýetçisi Bagdagül Hanmämmedowna Mämmetgurbanowa;

Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň «Dostluk çemeni» tans toparynyň artisti Aýgözel Batyrowa;

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Saýat galla kabul ediş nokadynyň tüwi sehiniň ussasy Babajan Azadowiç Rozyýew;

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Oguzhan şäherçe medeniýet merkeziniň akkomponiatory Nurýagdy Garýagdyýewiç Bekiýew.

ORIENT news

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

22:47 Iýun 19, 2026
Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisiniň Gruziýanyň Içeri işler ministri bilen duşuşygy

21:05 Iýun 19, 2026
Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

Ormuz bogazy gaýtadan açyldy: Eýran geçiş töleglerini ýatyrdy, ABŞ bolsa gabawy aýyrdy

19:30 Iýun 19, 2026