

Aýdymçy Ýelena Oreşkina «Güýz bal» ýubileý agşamyna çagyrýar
Meşhur estrada aýdymçysy Ýelena Oreşkinanyň şu ýyl goşa ýubileýi. Ol ony 14-nji oktýabrda paýtagtyň «Türkmenistan» kinokonsert zalynda ýekelikde konsert bilen bellemegi meýilleşdirdi. «Güýz walsy» maksatnamasy tomaşaçylara ýerine ýetirijiniň awtorlyk aýdymlaryny, rus we sowet kompozitorlarynyň garramaýan we söýgüli hitlerini, şeýle hem romaslary sowgat eder.



















