Habarlar

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-nyň BÝKM-niň Ženewadaky bosgunlar sessiýasyna gatnaşýarTürkmenistanyň wekiliýeti BMG-nyň BÝKM-niň Ženewadaky bosgunlar sessiýasyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-nyň BÝKM-niň Ženewadaky bosgunlar sessiýasyna gatnaşýar

Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar baradaky Ýokary Komissarlygynyň Müdirliginiň Ýerine ýetiriji komitetiniň 74-nji mejlisi 9-njy oktýabrda Ženewada öz işine başlady. Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti hem foruma gatnaşýar diýip, Türkmen Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

GDA ýurtlarynyň Delfik oýunlarynda Türkmenistanly ýaş aýdymçy kümüş medal gazandyGDA ýurtlarynyň Delfik oýunlarynda Türkmenistanly ýaş aýdymçy kümüş medal gazandy

GDA ýurtlarynyň Delfik oýunlarynda Türkmenistanly ýaş aýdymçy kümüş medal gazandy

Güýçberdi Gulow 6-njy oktýabrdan 10-njy oktýabr aralygynda Bişkekde geçirilen GDA agza ýurtlaryň XVII Ýaşlar Delfik Oýunlarynyň kümüş medalçysy boldy. Ol 18-23 ýaş aralygyndaky «solo aýdym» kategoriýasynda ikinji ýeri eýeledi. Duşenbe güni emin agzalary birnäçe bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etdi diýip, Gyrgyzystanyň «Kabar» agentligi habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow "Çalyk Holding" kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk bilen duşuşdyGurbanguly Berdimuhamedow "Çalyk Holding" kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy

Gurbanguly Berdimuhamedow "Çalyk Holding" kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy

Duşenbe güni, 9-njy oktýabrda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Türkmenistanyň gurluşyk pudagynda uzak wagtlap hyzmatdaşy bolan "Çalyk Holding" kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, türk telekeçisi Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Milli habarlar agentliginiň habaryna görä, gepleşiklere gatnaşyjylar türk hyzmatdaşlarynyň ýurtdaky alyp barýan işleriniň ýagdaýy we geljekde hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

V Wena baly ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçirilerV Wena baly ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçiriler

V Wena baly ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçiriler

V Wena baly Arkadag şäherinde 11-nji oktýabrda sagat 18:00-da şäher häkimliginiň binasynyň golaýynda geçiriler. Bu çäre, Awstriýanyň paýtagtynyň meri (häkimi) Mihael Lýudwigiň howandarlygynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen Türkmen-Awstriýa jemgyýeti tarapyndan gurnalýar. Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bu barada ORIENT-e habar berdi.