Türkmenistan Magtymgulynyň goşgularynyň ýygyndysyny ÝUNESKO-nyň «Dünýä ýatlamasy» sanawyna goşandygy barada şahadatnama aldy


Türkmenistanyň Medeniýet ministrine we Ylymlar akademiýasynyň prezidentine Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýä ýatlamasy» halkara sanawyna girizilendigi baradaky şahadatnama BMG-nyň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko tarapyndan gowşuryldy.
Türkmenistanyň MMM-nyň habaryna görä, bu çäre Aşgabatda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Magtymguly adyndaky dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň wekilleriniň, alymlaryň we professorlaryň, şeýle hem talyplaryň gatnaşmagynda geçirildi.
Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynda XVIII-XIX asyrlarda Türkmenistanda ýaýran eserleriniň saklanyp galan golýazmalary bar. Ýygyndyda 80-den gowrak diwan bar. Bu, türkmen we tutuş türki dilli halklaryň, Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň edebiýatynyň dilden we ýazmaça mirasyndan seýrek nusga.
«Dünýä ýatlamasy» maksatnamasy ÝUNESKO tarapyndan 1992-nji ýylda döredildi we dünýädäki ýurtlaryň we halklaryň gadymy ýazuw ýadygärliklerini - kagyz, audiowizual, sanly we başga görnüşlerdäki, möhüm we dowamly gymmaty bolan resminamalar ýa-da ýygyndylary goramak üçin halkara taslamadyr.
ORIENT news








