ECO ýurtlarynyň daşary işler ministrleri Şuşada geçiriljek Daşkent sammitiniň gün tertibini ara alyp maslahatlaşarlar


Sişenbe güni, 10-njy oktýabrda Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ECO) agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň 27-nji mejlisi geçiriler.
Duşuşygyň gün tertibindäki esasy mesele noýabr aýynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde geçiriljek ECO döwlet baştutanlarynyň 16-njy sammitine taýýarlyk bolar.
Duşuşygyň dowamynda taraplar söwda, ykdysady, maýa goýumlary, ulag we logistika ugurlary boýunça ECO agza ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny, sebit we halkara gün tertibindäki meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Azerbaýjan, Owganystan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Pakistan, Täjigistan, Türkmenistan, Türkiýe we Özbegistan ýaly 10 ýurdy öz içine alýan sebitara döwletara ykdysady gurluşdyr.
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna 2023-nji ýylda Azerbaýjan başlyklyk edýär.
ORIENT news








